Sepleriň elýeterliligi

Özbek prezidentiniň gyzy derňelýär


Gülnara (S) we Lola, prezident Y.Karimowyň gyzlary.

Gülnara (S) we Lola, prezident Y.Karimowyň gyzlary.

Özbegistandan gelip gowuşýan habarlara görä, ýurduň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa bilen ilteşikli hasaplanýan “Terra Group” kompnaiýasynyň bank hasaplarynyň doňdurylandygy aýdylýar.

Daşkentde ýerleşýän Infinbankyň resmileriniň sişenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňlerinde “Terra Group” kompaniýasynyň hasabat işlerinde goýberen käbir kemçilikleri sebäpli olaryň bank hasaplarynyň doňdurylandygy mälim edildi.

Agzalýan kompaniýanyň bir işgäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde bank hasaplary baradaky habaryň dogrudygyny tassyklap, häzirki wagtda kompaniýanyň iş edarasynyň gapysynyň möhürlenendigini aýtdy.

Bu bolýan wakalar Özbegistanyň diýdimzor prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa garşy alnyp barylýan çäreler bolmaly. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Gülnara Karimowa bilen ilteşikli hasaplanýan birnäçe guramanyň we media toparlarynyň käbirleriniň işleri togtadyldy we olardan käbirleriniň işleri derňelip başlandy.

Kariomowanyň media kanallary

Karimowanyň golastyndaky üç sany radiostansiýa we dört sany telewizion kanal geçen hepde “tehniki näsazlyklar sebäpli” diýlip, ýapyldy. Agzalýan media toparlary Karimowanyň dürli ugrulardaky söwda kärhanalaryny halka tanatmak boýunça işleri alyp barýardy.

Karimowanyň telewizion we radio kanallarynyň ýapylmagy onuň her ýyl paýtagt Däşkentde guraýan ”Style.uz” atly sungat festiwalynyň açylyş gününe gabat geldi. Bu festiwalyň mazmuny ýurduň media kanallarynda aýratyn agzalyp geçilýär.

Karimowa öz golastyndaky radio we telewizion kanallaryň, hakykatdanam, ýapylandygyny çarşenbe güni Twitter arkaly köpçülige ýetirdi. Ol özüniň Twitter sosial ulgamynda ýazan habarynda öz habar serişdeleriniň, ýagny ForumTV, SoFTS we TV-Markaz-TV atly telewizion kanallarynyň, 12 sany dürli kanunbozmalaryň bolandygy bahana edilip ýapylandygyny habar berdi.

Karimowanyň tarapdarlaryndan biri kanallaryň näme sebäpden ýapylandygy bilen gyzyklanyp, Twitterde oňa ýüzlenýär. Gülnara Karimowa öz tarapdaryna şeýle jogap berýär: “Bu sanawda örän samsyklaç äheň bar, ýöne şonda-da bu şeýle!”

NTT kanalynyň eýesi – Karimowanyň ýakyn tanyşlaryndan biri. Golaýda bu kanalyň hem efire berilmegi ýatyryldy.

Karimowa dahlly iki gurama togtadyldy

Media toparlarynyň işleriniň ýatyrylmagy bilen bir hatarda Karimowa bilen ilteşikli hasaplanýan iki sany guramanyň hem işleri togtadyldy. Olaryň biri “Forum” haýyr sahawat fondy we beýlekisi hem “Syýasy barlag” merkezidir. Agzalýan guramalaryň boldy diýilýän salgyt galplyklary sebäpli işleriniň togtadylandygy aýdylýar.

Şeýle-de 41 ýaşly Gülnara Karimowa soňky wagtlarda şahsy durmuşynda hem käbir yzygiderli şowsuzlyklara duçar bolýar.
Şu aýyň başynda onuň doganoglany Akbarali Abdullýew guramaçylykly jenaýata baş goşdy diýlip, tussag edildi. Akbarali Abdullaýew Fergana jülgesiniň iň güýçli nebit we ýangyç brokerlerinden we Gülnara Karimowanyň ýakyn hyzmatdaşlaryndan biri hasaplanýar.

Karimowanyň özünden kiçi gyz jigisi Lola Karimowa-Tyllaýewa geçen aý BBC telekanalynyň Özbek gullugyna käbir gizlin maglumatlary aýan edýän “aç-açanlyk” mazmunly interwýu berdi. Ol öz beren interwýusynda 12 ýyldan bäri öz dogany Gülnara Karimowa bilen gepleşmeýändigini, onuň bilen ne maşgala gatnaşyklaryny, ne-de dostluk gatnaşygyny saklaýandygyny aýtdy.

Prezidentiň gyzy jigisini aýyplaýar

Gülnara Karimowa bu gürrüňe Instagram-yň üsti bilen jogap berdi we ol öz beren jogabynda gyz jigisini galplykda aýyplady, şeýle hem onuň (gyz jigisiniň) “jadygöýler” bilen dostlukly gatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Gülnara Karimowa ejesi Tatýana Karimowa barada-da käbir zatlary aýdyp, onuň (ejesiniň) iblisiň rituallary bilen meşgul bolýandygyny aýan etdi.

Gülnara Karimowa bilen baglanyşykly bolup geçýän bu kynçylykly wakalar onuň syýasy ykbalyna düýpli täsir etse gerek.

Prezidentiň gyzy, ozalky diplomat, pop ýyldyzy we modaçy dizaýner Gülnara Karimowanyň ozallar 2015-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda prezidentlige dalaş etjekdigi we 75 ýaşly kakasynyň kürsüsini eýelejekdigi barada gürrüňler edilýärdi.

Karimowany abraýdan gaçyran soňky wakalar entek bolmanka, Gülnara Karimowa özbek mediasynda yzygiderli görkezlip, onuň prezidentligi miras almaga ymtylýandygy baradaky myş-myşlar yzygiderli gürrüň edilýärdi.

Onuň sosial medýany, aýratynam Twitter platformasyny yzygiderli ulanmagy Gülnar Karimowany Özbegistana açylan täze bir penjire ýaly edip görkezýärdi. Özbegistan dünýäden özüni izolirlän ýurtlaryň biri bolup, ol ýerde adam hukuklary gaty köp kemsidilýär.

Soňky bolan wakalar – Şweýsariýada, Fransiýada we Şwesiýada pul serişdeleri bilen bagly galplyklaryň derňelmegi we bu galplyklarda Gülnara Karimowanyň oýnan roly onuň kakasy Yslam Karimowyň gaharyny getiren bolmaly, şonuň üçinem ol häzir gyzyny syýasatdan çetleşdiren bolmaly.

Ataly-gyzyň çarkandakly gatnaşyklary baradaky myş-myşlaryň ýaýran döwründe Gülnara Karimowa diýdimzor özbek prezidentini Iosif Staline meňzedýändigini aýdyp, Twitter-de teswir ýazdy.

Sowet döwründe düşürilen “Milletiň atasynyň ogly” atly kinoda agzalýan bir sözi ol özüniň Twitter hasabynda ýazdy. Ol ýerde şeýle diýilýär: “Ýoldaş Stalin bolupdy we bolar hem.” Soňra bolsa ol öz sözlerini şeýle dowam edýär: “Ynha, şol meniň kakam! Ol hem meniň janym çykýança galar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG