Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Uçarda çäklendirme azalýar


Birleşen Ştatlaryň uçar ýolagçylaryna basym uçuş wagtynda bir topar elektrik enjamyny az sanly çäklendirme bilen ulanmaga mümkinçilik dörediler.

Täze, ýeňilleşdirilen düzgünler penşenbe güni, Federal awiasiýa adminstrasiýasy tarapyndan çap edildi.

50 ýyl bäri dowam edýän düzgüne görä, uçar asmana göterilýän we gonýan mahalynda elektron enjamlary ulanmak gadagandy.

Täze düzgün Birleşen Ştatlaryň uçarlarynda ýylyň aýagyndan güýje girer. Bu üýtgeşiklik ýolagçylara okamaga, oýun oýnamaga, kino görmäge, saz diňlemäge mümkinçilik berer.

Emma 10 müň fitden, ýagny 3 müň 50 km-den aşakda internet ulanmak, hat alyşmak, maglumatlary indirmek şindem gadagan, mobil telefonlary hem ulanmaly däl.
XS
SM
MD
LG