Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý 'Gündogar Türküstany' aýyplaýar


Hytaýyň howpsuzlyk resmileri duşenbe güni Pekiniň Tiananmen skwerinde bolan ulag hadysasyna jeňçi Gündogar Türküstan yslam hereketiniň jogapkärdigini aýtdy.

Meň Jiaňžu mundan aňyrky detallary aýtmady, diýilýän terrorçy topar bolsa jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Duşenbe güni bir maşyn Tiananmen derwezesiniň ýanynda gyrada duran adamlaryň içinden urduryp, soňundan hem otlandy.

Bu hadysada maşyndaky üç adam, iki syýahatçy öldi, ondan gowrak adam bolsa ýaralandy.

Pekin polisiýasy bu işi eden adamlaryň etniki uýgurlardan bolan bir erkek adamdan, onuň aýalyndan we ejesinden ybaratdygyny aýtdy. Şeýle-de polisiýa, bu hüjüm bilen ilteşikli diýip, tipiki uýgur atly bäş adamy tussag etdi we bu hadysany planlaşdyrylan terror zarbasy diýip atlandyrdy.

Polisiýa maşynyň içinden pyçaklaryň, demir çybyklarynyň, benziniň we çap edilen dini şygarlaryň tapylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG