Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Waşingtondan düşündiriş soraýar


Orsýetiň daşary işler ministrligi Birleşen Ştatlaryň näme üçin meşhur rus aýdymçysyny we prezident W.Putiniň goldawçysyny gara sanawa salandygyny düşündirmegini talap etdi.

ABŞ-nyň Gazna deparatmenti şu hepde Grigoriý Lepsweridzäni, gysgaça Grigoriý Lepsi «Ýewaraziýa jenaýat sindikaty» bilen ilteşikli alty adamyň biri diýip görkezdi.

Gazna departamenti ony amerikan raýatlarynyň biznes etmeginiň gadagan edilýän adamlarynyň sanawyna girizdi we onuň Birleşen Ştatlardaky islendik emlägi doňduryldy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Waşingtonyň aýyplamasynyň «bigünälik baradaky esasy ýörelgäni» bozandygyny aýtdy.

Ministrligiň adam hukuklary komissary Konstantin Dolgow Moskwanyň bu meselede Waşingtondan jikme-jik düşündirişe garaşýandygyny aýtdy.

Leps özi baradaky aýyplamalary ret etdi.
XS
SM
MD
LG