Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan «Talyban» bilen gepleşýär


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ýurduň «talyban» pitneçileri bilen gepleşikler başlandy diýýär.

Pakistanyň Ýokary komissarlygy tarapyndan çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, Şarif penşenbe güni bolan duşuşykda Britaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary Nik Glege özüniň bu gepleşik Pakistanyň kanunlarynyň çäginde işlär diýip umyt edýändigini aýdypdyr.

Şarif hökümetiň Pakistanyň köçelerinde bigünä adamlaryň öldürilmegine gyradan seredip durup bilmejegini hem sözüne goşupdyr.

Şarif şu hepdäniň başynda Londonda britan kärdeşi Deýwid Kameron, owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen üç taraply duşuşyk geçirdi.

Maýda geçen saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň, Şarifiň Musulman ligasy partiýasy «Talyban» bilen gepleşip, onýyllyga uzan pitneçiligi soňlajak bolmagy öňe sürdi.

Bu pitnede 50 müňden gowrak adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG