Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Siriýa zarba urýar


Habarlarda aýdylmagyna görä, Ysraýylyň söweş uçarlary Siriýanyň içine zarba urdy, Tel Awiw bu zarbany tassyklamakdan ýüz öwürdi.

Penşenbe güni çykan habarlarda Ysraýylyň söweş uçarlarynyň port şäheri Latakiýanyň golaýyndaky harby bazany nyşana alandygy aýdylýar.

Siriýanyň oppozisiýa güýçleri bu bazada Orsýetde ýasalan raketalaryň saklanýandygyny aýdýar. CNN ABŞ-nyň ady aýdylmadyk bir resmisine salgylanyp, Ysraýylyň bu raketalar Liwandaky Hizbolla milisiýasyna geçirilip biler diýip alada edýändigini aýtdy.

Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy çarşenbe güni Latakiýadaky bazanyň golaýynda partlama bolandygyny aýtdy. Liwanyň harbylary çarşenbe güni Ysraýylyň alty uçarynyň Liwanyň üstünden uçup geçendigini aýtdy.

Munuň Siriýanyň içine Ysraýyl tarapyndan urlan ilkinji zarba bolmazlygy hem mümkin. Ysraýyl ýanwar we maý aýlarynda hem Damaskyň golaýyndaky naşanalara iki gezek zarba urupdy.
XS
SM
MD
LG