Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri gözegçiligiň «öte geçendigini» aýdýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň gözegçilik programmalarynyň käbiriniň «nädogry tarapa gaty uzak» gidendigini aýtdy.

Kerri penşenbe güni eden gürrüňinde aňtawyň terrorizme garşy göreş nukdaý nazaryndan zerurlykdygyny nygtady.

"Biz täze bir dünýä bilen iş salyşýarys, bu ýerde özüni partlatmak isleýän adamlar hem bar» diýip, ol aýtdy. Ýöne ol bu ýerde özüňe erk etmegiň hem zerurdygyny tassyk etdi.

Ol özüniň we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan amala aşyrylýan giň gözegçilik baradaky habarlara haýran galandyklaryny aýtdy. Ol Obamanyň bu meselede bidüzgünçiligiň öňüni almak üçin berk barlag geçirmekçidigini aýtdy.

Içalyçylyk habarlary, Milli howpsuzlyk gullugynyň ozalky analitigi, gaçgaklykdaky Edward Snowdeniň syzdyrmalaryndan soň, ABŞ-nyň dünýä ýüzündäki ýaranlarynyň hem gaharyny getiripdi.
XS
SM
MD
LG