Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial medialaryň käbirleriniň logotipleri

Sosial medialaryň käbirleriniň logotipleri

Mundan birnäçe aý ozal agzalarynyň bir milliarddan geçendigini mälim eden Facebook sosial ulgamy barada täze statistiki raport taýýarlandy. Bu statistiki derňew agzalaryň Facbook sosial ulgamyna näme sebäpden girýändigini anyklamak maksady bilen geçirildi.

Üstünlikli statistiki we sosial media derňewlerini geçirýän amerikan “Pew” kompaniýasynyň ýaýradan täze raportyna görä, Facebook sosial ulgamynyň agzalarynyň jemi 64%-ini emele getirýän uly ýaşlylar günüň dowamynda işjeň görnüşde Faceboogy ulanýar.

Raporta görä, Faceboogyň agzalarynyň 78%-i sosial mediany dostlarynyň we joralarynyň ugradan habarlaryny we täzeliklerini okamak, oňa teswir galdyrmak we ony halamak üçin ulanýar. Galan 22%-i bolsa öz guramasyny, toparyny ýa-da kompaniýasyny mahabatlandyrmak üçin ulanýar.

Eýsem, türkmen ýaşlary sosial mediany nämeler paýlaşmak üçin ulanýarlar we onda nähili meseleler gozgaýarlar, nähili gürrüňler edýärler?

Bu soraga her hepde taýýarlaýan – Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürrüň edýärler? diýen gysga synymyz bilen jogap tapmaga synanyşarys.

Twitter

Geçen hepdäniň dowamynda türkmen yaşlarynyň arasynda Twitter sosial ulgamynda iň ýörgünli bolan tweetler “AtaWatan22ýaşynda” jümlesiniň öňünden “häş täg” alamaty goýlup paýlaşylan gutlaglar we Türkmenistanyň garaşsyzlygy barada ýazylan sözlemlerdir. Elbetde, bu jümläniň öňünden “häş täg” alamaty goýlup paýlaşylan tweetler Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýazylan gutlaglardy.

Şeýle ýazylan tweetleriň arasynda @Halliyevich “Bütin türkmen halkymy Garaşsyzlygyň 22 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn”, @bashinji olcheg atly agzanyň “Stambuluň mahmal howasynda gezseňde, Parižiň gijelerni söýseňde, Dubaýyň yssysyna ýansamda sende söndi bu ýüregim Aşgabat”, @MuhammetXANNY atly agzanyň “Türkmenler baglasak bir ýere bili, guradarys Gulzumy, derýaýy Nili”, @maxadinho4 atly agzanyň “2 lider bilen 22 ýyl” ýaly ýazylan sözlemler bar.

Vkontakte

Vkontakte sosial ulgamynda bolsa, bu ulgamyň “Türkmenler” atly topary tarapyndan Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýollarynda surata düşürilendigi aýdylýan mekdep okuwçylaryny gatnadýan amerikan mekdep awtobusynyň suraty ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Bu awtobus sary reňkde bolup, onuň daşyna iňlis dilinde “School bus”, ýagny “Mekdep awtobusy” diýlen ýazgy ýazylan. Suratdan görnüşine görä, hatda awtobusyň nomeri hem Türkmenistanyň ýaşyl reňkli, Mary welaýatyna degişli belgisidir. Bu suratdaky awtobus sosial ulgamyň käbir agzalarynyň arasynda “hakykymy ýa-da fotoşop bilen ýasalanmy?” diýen soraglary döredipdir.

Bu sosial ulgamyň Atajan Mamed-Ali atly agzasy suratyň aşagynda “Amerikan awtobusymy?” diýen soragy galdyrypdyr. Ahmet Esenow atly agza “O näme üçin gelipdir?” diýen sorag galdyrsa, oňa Jenneta Hydyrowa atly agza “Belkem amerikan korneryňky” diýip jogap berýär. Selim Çaryýew atly agza bolsa agzalan soraga “Yörite studentleri çärä äkitmek üçin” diýip, kinaýaly jogap ýazypdyr.

Ertir.com

“Ertir.com-da” Twes atly agzanyň “Tagta bit barada, ýagny (obşitde, kwartirada bolan wakadan soň ýazylan)” atly temasy sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Bu tema 28-nji oktýabrda çap edilip, ol jemi 1020 sapar okalypdyr we oňa 158 teswir gelip gowşup, ol 35 sapar hem halanypdyr.
Bu temada soňky wagtlar Türkmenistanda barha köpelýändigi aýdylýan tagtabiti barada gürrüň edilýär. Ýagny, tagtabitiniň talyplaryň durmuşyna ýetirýän täsiri barada goşgy düzülipdir. Goşguda şeýle diýilýär:

Geliň, söz açalyň tagtabit hakda,
Bu gün halym sora, gel, maňa bakda.
Arkaýyn ýatma ýok lýuboý komnatda,
Talyplaryň ganyn içen tagtabit.

Gündizlerne biti tapyp bolmaýar,
Gijeler derdinden ýatyp bolmaýar,
Şunça söweşsek-de, ýeňip bolmaýar,
Tohumyna bomba düşen tagtabit.

diýen setirler bilen dowam edýär.

Bu goşga @Erkek2013 atly agza şeýle teswir galdyrypdyr: “Hudaýjan wagt berse, höwri köpelip dur, ýa-da ine, meselem, ýene diýen ýaly dowamat dowam bolupdyr.” Bu tema @Akylym1990 atly agza-da “Käbir myhmanhanalarda hem bar. Şu sebäpli başga myhmanhana gaýdanym henizem ýadymda. Gijäñ ýary iki çykdajy bolupdy” diýen ýatlama ýazgysyny galdyrypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG