Sepleriň elýeterliligi

Geçen aýyň 23-ne Daşoguzda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň dowamynda beýlekiler bilen bir hatarda, Marynyň Ýolöten etrabynyň Dostluk geňeşiniň ýaşaýjysy, pensioner Hezretguly Öwlüýägulyýew diýlip tanadylan bir adam hem çykyş edip, türkmenistanlylara mugt suwuň, gazyň berilýändigi üçin prezidentiň şanyna köp sanly öwgüli sözleri aýtdy.

Emma şol bir wagtda pensioner Öwlüýägulyýew bu meselede bir “ýönäniň” bardygyny hem agzady: “Ýöne, gynansakda, döwletimiziň bu sahawatyny jogapkärçiliksiz we bisarpa peýdalanýanlaryň hem bardygyny şu ýerde aýtmalydyrys. Hormatly prezidentimiz, häzir ýurtda her öýde elektrik toguny ölçeýän gurallar bar. Emma nämüçindir gaza, suwa gezek gelende onuň hasabyny ýöredýän ýok”.

Asyl käri belli edilmedik ýolötenli Öwlüýägulyýew munuň netijesinde ýurda uly möçberde zyýanyň ýetýändigini özbaşdak hasaplap çykarandygyny-da sözüne goşdy. Ol: “Men öz ýanymdan ýönekeýje hasap edip gördüm welin, gaza we suwa eýeçiliksiz çemeleşilýändigi üçin, döwletimiziň çekýän ýitgisi 5 million/milliard dollara ýetýär. Bu agzalan san, dogrusyny aýtsak, dünýädäki kiçiräk bir döwletiň ýyllyk býujetine barabardyr”.

Töleg enjamlary

Çykyşynyň ahyrynda Öwlüýägulyýew öýlerde ulanylýan suw we gaz üçin töleg enjamlarynyň oturdylmalydygyny, resurslar artyk ulanylan halatynda mugt berilýäninden artykmajynyň tölegli bolmalydygyny hem aýtdy. Ol bu teklibi Ýaşulularyň maslahatynyň goldajakdygyna ynanýandygyny-da ýüzugra nygtady.

Maslahatyň dowamynda bu teklibiň mundan beýläk maslahat edilip-edilmändigi, ýa-da “mugt” diýlip kesgitlenen suwuň we gazyň anyk möçberi we tölegi boýunça soňra gürrüň edilendigi barada hiç hili resmi maglumat ýok.

Ýatladyp geçsek, 4-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de prezident Ýokary gözegçilik edaranyň başlygy Batyr Atdaýewe ýurtda elektrik energiýasynyň, gazyň we agyz suwunyň ulanylyşyna gözegçilik etmek ulgamyny işläp düzmegi tabşyrypdy.

"Uly urgy"

Bu aralykda penşenbe güni “Central Asia online” atly internet neşirinde “Türkmenistan mugt togy, gazy we suwy çäklendirýär” atly makala çap edildi. Şol makalda Türkmenistanyň Ykdysady ösüş ministrliginde işleýär diýilýän Amanmyrat Sopyýew atly bir adamynyň sözleri getirilipdir. Sopyýew şeýle diýýär: “Ähli zat mugt bolsa, munuň ykdysadyýete uly urgusy bar. 20 ýyl mundan ozal garaşsyz bolalymyz bäri hökümet bu ýeňillikleri goldap geldi”.

Emma maliýe professory hökmünde tanadylan Sopyýew “mugt” diýlip berilýän toguň, gazyň we suwuň netijesinde ýurda anyk nähili “urgynyň ýetýändigi”, şeýle-de munuň bilen baglylykdaky anyk sanlary we düşündirişleri bermändir.

"Dekabra çenli..."

Makalada nygtalmagyna görä, şu ýylyň dekabr aýyna çenli ähli öýlerde ýörite ölçeýji abzallar ýerleşdiriler. Alnan maglumatlaryň netijesinde, dekabryň aýagynda prezident bilen ýörite duşuşyk geçirilip, şonda suwuň we gazyň mugt bolmaly çägi we artykmaç ulanylan halatynda edilmeli tölegi hem kesgitlener.

Mugt tok, gaz we suw subsidiýalary 1993-njy ýylda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan girizilipdi. Ilkibaşda, şol ýeňillikler 2014-nji ýyla çenli dowam etmeli diýlip kesgitlenipdi. Emma, 2004-nji ýylda hökümet subsidiýalaryň möhletini 2030-njy ýyla çenli uzaltdy.

Gaza we suwa häzirki girizljek diýilýän “çäkleriň” haçandan güýje girjekdigi barada hiç hili resmi maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG