Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Çagam her kimçe bardyr


Azerbaýjanly Gunduz Agaýewiň çeken karikaturasy

Azerbaýjanly Gunduz Agaýewiň çeken karikaturasy

Arak içýäňmi?

Lukman näsagy uzak mütdet däri-derman bilen bejeripdir. Ýöne bejerginiň näsaga nepi degmändir. Oňaýsyz ýagdaýa düşen lukman:

-Sen spirtli içgileri, meselem, arak içýän bolaýma? -diýip, näsagdan sorapdyr. Näsag:

-Içýän, her gün içýän, ýöne nepi degenok -diýip zeýrenipdir.

Çagam her kimçe bardyr

Mugallym okuwçynyň ejesine:

-Habaryňyz barmy, ogluňyz nas atýar -diýýär. Okuwçynyň ejesi:

-Hawa, habarym bar. Çagam ozal çilim çekerdi. Soňra ol artybyň bahasy keýigiň şahyna çykdy. Nädeli, elimiz ýuka, onça gymmat bahadan çilim satyn almaga güýjümiz ýetenok. Oglum nasa geçmäge mejbur boldy. Meniň oglumam her kimçe bardyr, ol-da bir neşäniň keýpini görmelidir ahyryn, şeýle dälmi, mugallym jan? -diýipdir.

Ekzamen

Professor ekzameniň öňüsyrasy studentleri auditoriýa ýygnap:

-Näme soragyňyz bolsa häzir soraň, ekzamen başlanandan soňra diňe men soraryn -diýýär. Yzky hatarda oturan student ýerinden turup:

-Hormatly professor, biz şu gün haýsy dersden ekzamen tabşyrýarys? -diýip sorapdyr.

Utan

SSSR zamanasy kommunistik partiýa agza bolmak wezipe basgançagy bilen ýokara galmagyň baş şertidi. Ýöne intelligensiýa wekillerini partiýa hataryna az kabul edýärdiler. Bisowat, üstesine-de wezipeparaz biri partiýa girmek üçin partiýanyň raýon komitetiniň sekretaryna bir müň manat para berýär.

Partiýanyň raýon komitetiniň nobatdaky býurosynda para bereni partiýa hataryna kabul etmek meselesine seredilýär. Para alan “Para beren şu ýeňil sowaly biler” diýen ynam bilen oňa:

-Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary kim? -diýip, sowal berýär. Para beren wezipeparaz dymýarmyşyn. Para alan sekretar oňa kömek etmek üçin BMG-niň şol wagtky Baş sekretarynyň adyny tutup “U Tan” diýip pyşyrdapdyr. Para beren oňa özüçe düşünip, gazaba münüp:

-“Partiýa geçireýin” diýip, müň manat para aldyň, indem “Utan” diýýäňmi, özüň utan -diýip, partiýanyň raýon komitetiniň sekretarynyň üstüne heňkiripdir.

Haj parzy

Bagşy “Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar” diýip, aýdym aýdýar. Ony diňläp oturan wraç-lukman:

-“Wrajy doýurmak hajdyr, ýaranlar” -diýsene -diýip, düzediş girizýär.

Maslahat

-Çilimi goýjak bolýan welin, nätsemkäm? -diýip, biri dostuna sala salýar. Dosty:

-Ýokarrakda goý! Ýerde goýsaň, tötänlikde basarsyň, mynjyrar -diýip, maslahat beripdir.

Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG