Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurçuk keselini ýok edip bolýarmy?


Dermanhana
Dermanhana
Adamda döreýän gelmintoz, ýagny gurçuk keseliniň sebäpkärleri bolan gurçuklaryň 400-e golaý görnüşiniň bardygy aýdylýar. Olar nädip döreýär, nädip ýaýraýar, adama nädip ýokaşýar we nädip bejerilýär?

Kiçi we orta ýaşly çagalarda gurçuklaryň ostrisa we askarida görnüşleriniň köp bolýandygy barada ”gelminty.ru” internet saýtynda habar berilýär. Bu maglumatda gurçuklaryň çagalaryň 100%-inde diýen ýaly bardygy, hususan-da, hapaçylygyň, çig iýmitiň muňa sebäp bolýandygy we hut şu sebäpden, adatça, çagalar baglarynda hem mekdeplerde kiçi we orta ýaşly çagalarda ýörite barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygy bellenýär.

Alamatlar

Gurçuk keseliniň esasy simptomlary nämeden ybarat? Lukmanlar keselçiligiň ýiti we ötüşen tapgyrlarynyň bardygyny aýdýalar. Keselçiligiň ilkinji tapgyrynda çagalarda üşütme, endamynda örme, ýüzüň we gözüň çişmesi, konýunktiwit, ýokary dem alyş ýollarynyň çişmesi, içgeçme, angina we bokurdak agyrylarynyň dürli görnüşleri, öýkençişmesi, ýüregagyry, bagryň işleýşinde kemçiligiň döremegi we beýniniň çişmesi ýaly simptomlar ýüze çykýar diýip, ”Medkrugozor”, ýagny ”Saglyk dünýägaraýşy” saýty habar berýär.

Maglumata görä, gurçuk keseliniň iň başky tapgyrlaryny anyklamak üçin çaga üns bilen syn etmeli. Çagalaryň gaşanmagy, dişini gyjyrdatmagy ýaly hereketler bu keseliň ilkinji alamatlar bolup durýar.

Lukmanlar çagalaryň wagtal-wagtal barlanyp durmagynyň zerurdygyny, munuň üçin keselhanalarda ýörite analizleriň edilýändigini aýdýarlar. Iň giň ulanylýan usul peşewiň analizidir, emma gan anliziniň we kompýuter arkaly barlaglaryň hem geçirilýändigi bellenilýär.

Bejergi

Gelmintoz diňe lukmanlar tarapyndan bejerilmeli, sebäbi diňe bilermenler keselçilige sebäp bolýan gurçuklaryň görnüşlerini dogry anyklap bilýärler we dogry derman berip bilýärler diýip, bilermenler aýdýarlar.

”Zdorowýe”, ýagny ”Saglyk” internet saýtynda çap bolan maglumatda lukman Sergeý Mikulenko gelmintozlaryň bejerilmegi üçin dogry diagnozyň goýulmagynyň ähmiýetini nygtaýar.

Netijeler

Şol bir wagtda-da, derman bejergisinden daşgary berjaý edilmeli ýörite şertleriň bardygy aýdylýar. Hususan-da, berk diýeta, ýagny berhiz saklamaly, gigiýenany, arassaçylygy berjaý etmeli, näsagyň bolan ýerlerini ýörite arassalaýyş serişdeleri bilen ýuwmaly we bejerginiň netijeliligini barlap durmaly. Hut şu çäreleriň gurçugyň başgalara ýokaşmagynyň öňüni almak üçin hem berjaý edilmelidigi gelmintoz keseli barada maglumat berýän çeşmelerde aýdylýar.

Çagalaryň endamynda gurçuklaryň döremeginiň olaryň fiziki we psihiki taýdan yza galmagyna sebäp bolýandygy we dürli agyr kesellere getirip bilýändigi bellenýär. Gurçuklaryň köplenç içegäniň dykylmasy, kör içegäniň çişmesi ýaly kesellere sebäp bolýandygy habar berilýär.

”Stopgelmint” internet saýtynda demgysma, gant ýa-da süýjülik keseli, ekzema, ýagny süýjibaş, psoriaz ýaly keselleriň döremegine-de gurçuklaryň sebäp bolmagynyň mümkindigi barada aýdylýar.
XS
SM
MD
LG