Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hekimberdi: "Suw meselesiniň çözülmegini isleýärin"


Türkmenistanly oglanjyk köçedäki grantdan öýleri üçin suw alýar.
Türkmenistanly oglanjyk köçedäki grantdan öýleri üçin suw alýar.
Türkmenistanyň oba-şäherlerinde ilatyň agyz suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklaryň azalyp gidibermeýändigi habar berilýär.

Ýogsam bolmasa, hökümet maslahatlarynda bu mesele prezident derejesinde ýokary galdyrylyp, ýerli ýolbaşçylardan anyk iş hem talap edilýär.

Şol bir wagtda resmi türkmen metbugaty bu hili meseleler barada maglumat bermeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerlerdäki diňleýjileri aýdýarlar.

Bu ýagdaý türkmenistanlylaryň käbirini Azatlyk Radiosynyň üsti bilen sesini eşitdirjek bolmaga, arzyny ýokary ýolbaşçylara ýetirmek synanyşygyny etmäge itekleýär.

Ýolöteniň «Tokaý hojalygy» posýologynda ýaşaýan 20 ýaşly Hekimberdi hem şeýle raýatlaryň biri. Ol öz ýaşaýan ýerindäki agyz suwy problemasy barada habarçymyz Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:41 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG