Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl-Siriýa: Uçardan zarba urlandygy aýdylýar


Fransiýanyň harby uçarlary

Fransiýanyň harby uçarlary

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Siriýanyň içinde zarba urandygy barada habar berildi. Tel-Awiw zarbalaryň bolandygyny ret edýär.

Penşenbe güni ýaýradylan maglumatlarda Ysraýyyň uçarlarynyň Latakia şäheriniň golaýynda ýerleşýän harby bazany nyşana alandyklary barada habar berildi.

Siriýanyň oppozision güýçleri bu harby bazada Orsýetde öndürilen raketalaryň saklanýandygyny aýtdylar.

CNN habarlar kompaniýasy, Amerikan resmisine salgylanyp, Ysraýylyň zarbalarynyň Hizballah toparynyň söweşijilerine garşy gönükdirilendigini habar berdi.

Liwanyň harbylarynyň aýtmagyna görä, çarşenbe güni Ysraýylyň alty sany harby uçary Liwanyň giňişliginiň üstünden geçipdir.

Ysraýylyň goranmak ministrliginiň metbugat wekili zarbalar barada berlen maglumatlary ret etdi.

Ysraýylyň Siriýada amala aşyryldy diýilýän howa hüjümleri bu meselede ilkinji wakalar däl. Ysraýyl öňem Siriýada Damaskyň golaýyndaky obýektlere iki sapar hüjüm edipdi. Bu şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda bolupdy. Şeýle-de Tel-Awiwiň iýul aýynda Latakianyň golaýyndaky harby desgalary ýok edenligi güman edilýär.

Himiki ýaraglar ýok edildi

Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň özüniň mälim eden himiki ýaraglaryny ýok edendigi ýa-da olary sandan çykarandygy barada beren maglumatlaryny makullady.

Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň penşenbe güni ýaýradan maglumatyna görä, Siriýa bu meselede ”1-nji noýabra çenli” diýlip bellenen wagt möhletini berjaý edipdir.

Guramanyň metbugat wekili Maýkl Luhan Siriýanyň hökümetiniň öz öňünde goýlan şertleri berjaý edendigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gelnen ylalaşygyň esasynda Siriýa özüniň ähli himiki ýaraglaryny ýok etmäge razylyk beripdi. Bu ylalaşygyň öňüsyrasynda Waşington, eger himiki ýaraglaryny meýletin ýok etmese, onda Siriýanyň hökümetine garşy harby güýç ulanmakçydygyny mälim edipdi.

ABŞ 21-nji awgustda Damaskyň golaýynda amala aşyrylan himiki hüjümler zerarly ýüzlerçe adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

15-nji noýabrda Siriýa zäherli serişdeleriň ýene bir bölegini ýok etmek boýunça nobatdaky tapgyry amala aşyrmaly.
XS
SM
MD
LG