Sepleriň elýeterliligi

Pakistan "Talybany" täze lider saýlaýar


Hakimullah Mehsud, Pakistanyň "Talyban" hereketiniň lideri, 26-njy noýabr, 2008.

Hakimullah Mehsud, Pakistanyň "Talyban" hereketiniň lideri, 26-njy noýabr, 2008.

Pakistan «Talybanynyň» täze lideriniň saýlanandygy habar berilýär. Bu hereketiň öňki lideri Hakimullah Mehsud anna güni Birleşen Ştatlaryň doron zarbasyndan ölüpdi.

Azatlyk Radiosynyň Maşaal radiosy Pakistanyň «Talyban» hereketine Han Said Sajnanyň saýlanandygyny habar berdi. Ol bu hereketiň başlyklygyna şenbe güni, Demirgazyk Waziristanyň bir aýdylmaýan ýerinde geçirilen maslahatda saýlandy.

Said 2012-nji ýylda Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda bir türmä hüjüm edip, 400-e golaý tussagy azat etmegiň hem-de 2011-nji ýylda Karaçide harby deňiz bazasyna guralan hüjümiň guramaçysy hasaplanýar.

Pakistanyň «Talybany» we aňtaw-maglumat çeşmeleri Mehsudyň anna güni, ýanyndaky dört adam bilen bilelikde, Demirgazyk Wazirstanda öldürilendigini aýtdylar. Bu sebit «Talyban» pitneçileriniň mesgeni bolup, Owganystan bilen serhetde ýerleşýär.

Bu habarlary ne Pakistanyň hökümeti, ne-de Birleşen Ştatlaryň hökümeti tassyklady.

Mehsudyň şenbe güni jaýlanmagyna garaşylýar. Pakistan mediasynyň käbir habarlarynda onuň eýýäm Demirgazyk Waziristanda bir aýdylmaýan künjekde jaýlanandygy hem aýdyldy.


Mehsudyň ölendigi baradaky habarlar mundan öňem birnäçe gezek ýaýrapdy. Ol pakistan «Talybanynyň» baştutanlygyna 2009-njy ýylyň awgustynda, ozalky baştutan dron zarbasyndan ölenden soň geçdi.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti Mehsudyň ele salynmagy üçin 5 million dollar baýrak goýdy. 2009-nji ýylda Owganystandaky bazada Merkezi aňtaw gullugynyň birnäçe işgäriniň janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde öldürilmeginiň arkasynda Mehsud durandyr öýdülýär. Şeýle-de, pakistan «Talybany» 2010-njy ýylda Nýu-Ýorkuň Taým skwerinde planlaşdyrylan bomba hüjüminde aýyplandy.

«Tehreek-e-Taliban Pakistan» owgan «Talybanyndan» aýrylykdaky, ýöne onuň bilen ýaran jeňçi toparlaryň bir penasy bolup durýar.

Mehsudyň ölümi Pakistanyň hökümetiniň jeňçiler bilen gelmekçi bolýan parahatçylyk ylalaşygy taglalalaryny çylşyrymlaşdyryp hem biler.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif şu hepde pakistan «Talybany» bilen gepleşikleriň gutulgysyzdygyny aýtdy.

Paýtagt Yslamabatda, ýurduň aýeroportlarydyr beýleki möhüm ýerlerinde, Mehsudyň ölüminden soň, howpsuzlyk güýçleriniň hüşgärlik ýagdaýyna getirilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG