Sepleriň elýeterliligi

Los Anjels: aeroportda adam öldürildi


Häkimiýetler Los Anjelsiň halkara aeroportunda bir ýaragly adam ot açanda, howpsuzluk işgärleriniň biriniň öldürilendigini, ýedi sany adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Polisiýa güman edilýäniň 23 ýaşyndaky Pol Siansiadygyny aýtdy. Ol polisiýa tarapyndan ýaralanyp, tussag astyna alyndy.

Aeroportuň polisiýa başlygy Patrik Gannon polisiýanyň ol ýeke hereket edendir diýip ynanýandygyny aýtdy.

Patrik Gannon metbugat ýygnagynda eden çykyşynda onuň 3-nji Terminala gelip, hüjüm ýaragyndan ot açandygyny aýtdy.

Tranzit howpsuzlygy adminstrasiýasynyň, hökümet tarapyndan amerikan aeroportlarynyň ählisinde howpsuzlyga jogap bermeli edilen guramanyň sözçüsi bu hadysada özleriniň bir agentiniň öldürilendigini, beýlekisiniň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG