Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Oppozisa saýlawa gatnaşmaýar


Täjigistanyň oppozisiýadaky Sosial demokratik partiýasy özüniň şu aýdaky prezident saýlawyny boýkot etjegini aýdýar.

Anna güni çykan beýanatda partiýa saýlaw kampaniýasynyň baş kanuny bozmak we hökümet guramaçylygyndaky galplaşdyrmalar astynda geçirilýändigini aýtdy.

Bu beýanatda, kandidatlara daşary ýurtlardaky müňlerçe täjik migrantynyň arasyndan gol toplamaga rugsat bermeýär diýlip, Merkezi saýlaw komissiýasy hem tankyt edilýär.

Şeýle-de Saýlaw komissiýasynyň oppozisiýa tarapyndan bir kandidatyň, Oýnihol Bobonazarowanyň öňe sürülmegine ýol bermändigi, ýagny onuň 6-njy noýabrda geçjek saýlawlarda bäsleşmek üçin hasaba alynmagyna päsgelçilik döredilendigi aýdylýar.

Bu benaýatda iş başyndaky prezident bilen bäsleşmeli edilen bäş kandidatyň gowy tanalýan adamlar däldigi, emma olaryň hasaba alynmak üçin zerur bolan gollary ýygnap bilendigi hem bellenilýär.
XS
SM
MD
LG