Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa, Brazil içalyçylyga garşy rezolýusiýa çagyrýar


Germaniýa we Brazil BMG-niň Baş Assambleýasyndan ähli ýurtlaryň raýatlarynyň halkara kanunlary esasynda kepillendirilen şahsy durmuş goragy hukuklaryny üpžün etmeklige çagyrýan rezolýusiýany kabul etmegi soradylar.

Bu rezolýusiýanyň taslamasynda aşa elektron gözegçiliginiň soňlanmagy talap edilýär, şahsy maglumatlaryň bikanun toplanmagynyň ýokary derejede gatyşma hereketi bolup, onuň demokratik jemgyýetiň esaslaryna wehim salyp biljekdigi aýdylýar.

Bu inisiatiwa Birleşen Ştatlaryň daşary ýurt liderleriniň, şol sanda Braziliň prezidenti Dilma Roussefiň we german kansleri Angela Merkeliň telefon gürrüňlerini diňländigi baradaky habarlardan soň öňe sürildi.

Bu aýyplama amerikan analitigi Edward Snowdeniň paş etmelerinden uç alýar, ol ABŞ-nyň uzaga ýaýran telefon we internet aňtawlarynyň detallaryny syzdyrandan soň, iýunda Orsýete gaçdy.
XS
SM
MD
LG