Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama agzybir, demokratik Yraga çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama abadançylykly, hemmeleriň goşulyşmagyndaky we zorluklardan azat Yragyň gurulmagyna çagyrdy.

Obama Ak tamda, Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen duşuşykdan soň çykyp gürledi.

Obama Birleşen Ştatlaryň Yrakda saýlaw kanunlarynyň kabul edilmegini, şeýlelikde yraklylaryň öz dürli syýasy pikirlerini ara alyp maslahatlaşyp, zorluga ýüz urmakdan daşlaşmaklaryny isleýändigini aýtdy.

Maliki Yraga parahatçylykly çözgüt zerurlygy meselesinde amerikan prezidenti bilen doly ylalaşýandygyny, emma ol ýerde terror hüjümleriniň köpelendigini aýtdy. Şeýle-de ol özüniň bu ýurtda indiki ýyla bellenen saýlawlaryň wagtynda geçirilmegini isleýändigini aýtdy.

Obama «Al-Kaýdanyň» soňky döwürler has aktiwleşendigini, ýogsa bu ýurtda dürli ugurlarda saldamly öňegidişligiň gazanylandygyny belledi. Iki lider Siriýadaky ýagdaý, Eýranyň ýadro programmasy babatdaky krizisi çözmek barada hem pikir alyşdy.
XS
SM
MD
LG