Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda feýerwerk zawody otlandy


Hataýyň günortasynda bir feýerwerk zawodynda bolan partlamada 11 adam ölüp, 17 adam ýaralandy.

Döwlet mediasy anna güni Guaňsi awtonom regionyndaky zawodda partlama bolandygyny habar berdi. Sinhua habarlar gullugy pidalaryň köpüsiniň zawodda işleýän aýal işgärler bolandygyny aýtdy.

Bu ýangyn bilen bagly iki biznesmen tussag astyna alyndy. Emma ýangyna nämäniň sebäp bolandygy bada-bat bilinmedi.

Fewral aýynda merkezi Hytaýda feýerwerk getirýän ýük maşynynyň partlamagy netijesinde 11 adam ölüp, uly ýoluň üstündäki köpri ýykylypdy.
XS
SM
MD
LG