Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tolokonnikowadan iki hepde habar ýok


Orsýetiň «Pussy raýot» toparynyň tussag edilen agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň adamsy öz aýalyndan iki hepdä golaý wagt bäri habar-hatyr ýokdugyny aýdýar.

Nadežda Tolokonnikowa başga türmä geçirilmegini talap edenden soň, iki hepde çemesi öň öňki saklanýan ýerinden çykarylypdy.

Tolokonnikowa sentýabrda özüne ölüm haýbatynyň atylýandygyny we Mordawiýa koloniýasynda «gulçulyk zähmeti şertlerinde» saklanýandygyny aýdyp, açlyk yglan edipdi.

Tolokonnikowanyň adamsy Pýotr Werzilow şenbe güni öz aýaly 22-nji oktýabrda, Moskwadan 400 km uzaklykdaky lagerden alnyp gideleli bäri, ondan hiç habar alyp bilmändigini aýtdy.

Werzilow, aýdylmagyna görä, aýalynyň geçen aý Uraldaky Çelýabinsk şäheriniň içinden alnyp geçilendigini hem sözüne goşdy.

Şenbe güni olaryň tarapdarlary Moskwadaky türme edarasynyň öňünde piket geçirdiler.

Tolokonnikowa we onuň kärdeşi Maria Alehina Moskwa ybadathnasynda prezident Wladimir Putini tankytlap aýdan aýdymlary üçin iki ýyl tussaglykda otyr.
XS
SM
MD
LG