Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: wagtlaýyn premýer bellenýär


Gürjüstanyň premýer-ministri gelýän birnäçe hepdede işden çekilende, öz ýakyn ýaranyny, içeri işler ministri Irakli Garibaşwilini ýerine goýmakçydygyny aýtdy.

Bidzina Iwanişwili şenbe güni öz hökümeti we Gürjüstanyň arzuwy koalisiýasynyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşandan soň, öz ýerine Garibaşwilini hödürledi. Iwanişwili özüniň 17-nji noýabrda, Giorgiý Margwelaşwili prezident hökmünde kasam kabul edenden soň işden çekiljegini aýtdy.

Garibaşwili entek parlament tarapyndan hem tassyk edilmeli. Emma bu bir formallyk hasaplanýar, sebäbi parlamentde hem Gürjüstanyň arzuwy koalisiýasy agdyklyk edýär.

Margwelaşwili geçen aý prezident Mihail Saakaşwiliniň, Iwanişwiliniň bäsdeşiniň ýerine prezidents aýlandy.

Bu ýurtda indi, prezidentiň köp ygtyýarlyklarynyň kanun arkaly premýer-ministre geçirilmegi netijesinde, premýer-ministriň wezipesi has güýçlendi.
XS
SM
MD
LG