Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jon Kerri Kaire geldi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni Kaire geldi. Bu onuň Müsüre yslamçy prezident Muhammad Morsi häkimiýet başyndan çetleşdirileli bäri edýän ilkinji saparydyr.

Onuň demokratiki reformalar üçin basyş etmegine garaşylýar. Bu sapar Morsiniň 2012-nji ýylyň dekabrynda prezident köşgüniň öňündäki protestçileri öldürmeklige meçew berenligi üçin sud edilip başlanmagyndan bir gün öň başlandy.

Waşington biraz öň, demokratiki progresiň ýoklugy we yslamçy lider iýul aýynda häkimiýetden çetleşdirileli bäri Morsi tarapdarlaryna garşy zorluk ulanylýandygy üçin, Müsüre berýän ýyllyk 1.5 milliard dollar kömeginiň bir bölegini doňdurypdy.

Döwlet deparatmenti ol baryp Kairde gonýança Kerriniň bu ýere sapar edýändigini tassyklamady. Ýogsa Müsüriň mediasy şeýle saparyň boljagyny birnäçe gün öňünden habar beripdi.

Kerriniň dokuz günlük regional sapary Saud Arabystanyny, Ysraýyly, Ioardaniýany, Alžiri hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG