Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ruhy lider gepleşikleri goldaýar


Eýranyň baş ruhany lideri aýatolla Ali Hamenýi ýekşenbe güni özüniň Tähranyň ýadro gepleşiklerini goldaýandygyny aýtdy we bu gepleşiklere gatnaşýan diplomatlara päsgel bermeli däldigini duýdurdy.

Hameneýiniň «Eýranyň gepleşik topary kyn wezipäni ýerine ýetirýär, olary hiç kim gowşatmaly däldir» diýendigi habar berildi.

Şeýle-de Hameneýi özüniň bu gepleşikler babatda «optimist» däldigini, emma bu gepleşikler netijesiz gutaran ýagdaýynda hem Eýranyň ýitgi çekmejegini aýtdy.

Eýranyň berk liniýaly ruhanylary diplomatlary aşa optimist bolmakda we gepleşikleriň detallaryny gizlin saklamakda aýyplaýarlar.

Dünýä döwletleri bilen geçirilýän gepleşikleriň indiki tapgyry 7-nji noýabrda, Ženewada geçiriler.
XS
SM
MD
LG