Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowalylar ses berýärler


Kosowada saýlawçylar ýerli saýlawlar üçin ses berýärler, etniki serbler bolsa, bu territoriýa Serbiýadan bölünip aýrylaly bäri ilkinji gezek saýlawa gatnaşmaga höweslendirilýär.

Ses berişlige gatnaşyga, hususan-da demirgazykda, etniki serbleriň köplük bolup ýaşap, şu wagta çenli Pristana garşy çykyp gelýän ýerinde, ýakyndan syn ediler.

Serbiýa resmi taýdan Kosowanyň garaşsyzlygyny şindi hem ret edýär. Kosowa 2008-nji ýylda, etniki albanlaryň köplügi netijesinde, birtaraply ýagdaýda öz garaşsyzlygyny jar edipdi.

Emma Belgrad indi, Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda Pristina bilen arany sazlamak ylalaşygynyň çäginde, etniki serbleriň saýlawlara gatnaşmagyna çagyrýar.

Bu ylalaşyk Serbiýa 2013-nji ýylyň aprelinde Brýussel bilen agzalyk gepleşiklerine başlamaga ýol açdy.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bu saýlawy Kosowanyň geljegi üçin möhüm pursat we Kosowa bilen Serbiýanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak prosesindäki wajyp element diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG