Sepleriň elýeterliligi

Suw üpjünçiligi: Teşneligi nädip gandyrmaly?


Aşgabatda suw nobaty

Aşgabatda suw nobaty

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen mejlisinde prezident G.Berdimuhamedow geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny umuman goldaýandygyny, ýöne ýurduň etraplaryndaky ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, ilkinji nobatda hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmäge uly üns bermelidigini aýtdy.

Anna güni, 1-nji noýabrda bolan hökümet maslahatynda döwlet býujetiniň türkmen lideriniň bellikleri we rekomendasiýalary esasynda üsti ýetirilen taslamasynyň taýýar edilendigi habar berildi.

Şonuň bilen bir wagtda býujetde ýurduň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligi boýunça maksatnamany ýerine ýetirmek, ilatly ýerlere suw turbalaryny çekmek, umuman uzaga çeken suw meselesini çözmek üçin nähili serişdäniň bölünýändigi aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosyna ýurt içinden gelip gowuşýan habarlarda oba, etrap ýerlerinde ilatyň arassa agyz suwy babatda uly kynçylyk çekýändigi aýdylýar.

Ýerli synçylar Türkmenistanda çaga ölüminiň ýokary, ynsan ömrüniň ortaça uzaklygynyň sebitde pes derejede bolup galmagy hut şu suw meselesi bilen bagly diýýärler.

Eýsem Türkmenistanda agyz suwy meselesinde nähili kynçylyklar bar? Bu meseläni nähili ýagdaýda has çalt we netijeli çözüp bolar?

Azatlyk Radiosy, diňleýjileriň käbiriniň haýşy boýunça, nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Söhbete gatnaşyp, ýa gatnaşman, hat arkaly öz pikirleriňizi aýtmagyňyzy soraýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG