Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlaryň “çäklendirlen” durmuş şertleri


Türkmen gyzlary Aşgabatda geçirilýän resmi çäreleriň birine gatnaşdyrylýar.

Türkmen gyzlary Aşgabatda geçirilýän resmi çäreleriň birine gatnaşdyrylýar.

Täze Tolkun ýaşlar gepleşiginiň geçen hepdeki sanynda "Gyzlaryň 'formasy' täzelenyärmi?' diýen tema hakda gürrüň etdik. Bu temanyň çäginde talyplaryň okuw jaýlaryna hem-de çärelere diňe hökümet tarapyndan ykrar edilen “formany” geýip barmaga mejbur edilmegine, umuman hökümetiň egin-eşik ýaly zatlara aralaşmagyna bolan garaýyşlar bilen tanyşdyk.

Bu tema okyjylarymyzyň arasynda uly seslenme döretdi. Şol seslenmelerden belli bolşuna görä, käbir ýaşlar hökümetiň forma syýasatyna goldaw berýän bolsa, ýaşlaryň uly bir bölegi hökümet tarapyndan girizilen şeýle çäklendirmelere berk garşy.

Bu seslenmelerden ýüze çykan ýene bir ýagdaý hem, talyplaryň we ýaşlaryň durmuşyndaky çäklendirmeleriň diňe “forma” bilen çäklenmän, hökümet tarapyndan girizilen gadagançylyklaryň ýaşlaryň durmuşynda her ädimde diýen ýaly ýüze çykýandygy bilen bagly.

Meselem, elinde daşary ýurtda okaýar diýen haty ýa-da ýanynda ejesi ýa kakasy bolmasa ýaş gyzlaryň daşary ýurtlara çykarylmazlygy, talyp oglanlaryň sakal goýberip ýa-da saçlaryny ösdürip, talyp gyzlaryň bolsa makiýaž ulanyp okuwa barmagyna rugsat berilmezligi, talyplaryň ýokary okuw jaýlaryna ulag sürüp bamagyna bolan gadagançylyklar şol çäklendirmelerden diňe käbirleri.

Çäklendirmeler barada aýdylanda, talyplaryň okuw jaýynda mobil telefon ulanmazlygy, umumy ýaşaýyş jaýlarynda galýan talyplaryň agşam sagat 8-den soň daşary çykarylmazlygy, okuw formasynyň matalarynyň diňe okuw jaýlaryndan satyn alynmalydygy, hat-da talyplaryň dynç alyşlarynda hem ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy esasynda ýaşamalydygy ýaly ýagdaýlar hakda gürrüň edip bolar.

Şunlukda, bu tema bolan gyzyklanmany göz öňünde tutup, gepleşigimiziň nobatdaky sanynda ýaşlaryň “çäklendirlen” durmuş şertleri we bu çäklendirmeleriň ýaşlara ýetirýän täsirleri barada gürrüň etmegi makul bildik. Bu temadan aşakdaky forumda siziň hem pikirleriňize garaşýarys. Eger pikiriňizi biziň gepleşigimize gatnaşyp beýan etmekçi bolsaňyz, haý berekella… Bize hat ýazyp öz telefon nomeriňizi galdyryň, siz bilen özümiz habarlaşarys, adresimiz hat@azatradio.org.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG