Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protest geçirilýär


Duşenbe güni eýranlylaryň Birleşen Ştatlaryň Tährandaky öňki ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirýärler. Bu demonstrasiýa 1979-njy ýyldaky basyp alyşy bellemek maksady bilen geçirilýär.

Eýranyň metbugatynyň berýän maglumatyna görä, aşa dinçi protestçiler ABŞ garşy plakatlary göterip, baýdaklary galgadyp, “Amerika ölüm!” diýen şygarlary gygyrýarlar.

Bu mitingler her ýyl geçirilýän çäredir, ýöne synçylar bu ýyl onuň ähmiýetiniň uludygyny aýdýarlar. Sebäbi protestçiler täze prezident Hassan Rohaniniň Günbatar bilen dartgynlylygy ýeňilleşdirmek baradaky synanyşyklaryna garşylygyny bildirýärler.

Sentýabr aýynda Rohani we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň arasynda geçirlen telefon arkaly söhbetdeşlik eýranlylaryň köpüsi tarapyndan goldanylypdy, ýöne oňa aşa dinçi eýranly toparlar şübheli baha beripdi.

Eýranda bolan Yslam rewolýusiýasynyň yz ýany 1979-njy ýylyň noýabr aýynda student aktiwistler ABŞ-nyň ilçihanasyna çozuş edipdiler. Şonda jemi 52 amerikaly 444 gün zamunlykda saklanypdy.
XS
SM
MD
LG