Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwili Ahalaýanyň günäsini geçdi


Gürjüstanyň wezipesi tamamlanyp barýan prezidenti Mihail Saakaşwili öňki goranmak ministri Baço Ahalaýanyň günäsini geçdi.

Saakaşwiliniň ýekşenbe güni çykaran bu karary Tbilisi şäher sudunyň Ahalaýany dört ýyla golaý türme tussaglygyna höküm etmeginden alty gün soň amala aşyryldy. Şonda sud Ahalaýany 2006-njy ýylda bolan türme gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin hetdenaşa zorluk ulanmakda aýyplapdy.

Agzalýan türme gozgalaňynda ýedi tussag öldürilipdi. Ahalaýa aýry sud işi bilen bagly wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, entek hem türmede saklanar.

Ahalaýanyň aklawçysy Giorgi Oniani žurnalistlere beren maglumatynda müşderisiniň özüni günäli hasaplamaýandygyny aýdyp, onuň günäsiniň geçilmegini müşderisiniň däl-de, maşgalasynyň sorandygyny mälim etdi.

Geçen ýyl Saakaşwiliniň syýasy bäsdeşi “Gürji arzuwy” partiýasynyň ýolbaşçysy Bidžina Iwanişwili premýer-ministr saýlanandan soň, Saakaşwiliniň ençeme ýakyn ýarany dürli aýyplamalar esasynda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG