Sepleriň elýeterliligi

Dünýä Türkmenleri we Türkmenistan


Türkmen bagşylary

Türkmen bagşylary

Geçen aý Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky, her ýyl geçirilýän konferensiýasy boldy.

Eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler Türkmenistan, hususanda Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi barada näme diýýärler?

Orhan Akjan: "Türkmenistan saparynyň täsirinden çykyp bilemok"

Ýakynda Türkmenistanda saparda bolan Ýörük Türkmenleriniň däp-dessurlaryny hem adatlaryny Türkiýäniň medeniýet ministrliginiň adyndan halkara derejede tanadýan Mugla Ýörük obalary jemgyýetiniň başlygy Orhan Akjan Türkmenistanda galan täsirleri barada gürrüň berýär.

Orhan Akjan: Türkiýede çarwa Yörük Türkmenleri bolup entek ýaýlaga göçmänkäk bu ýylyň mart aýynyň 18-nde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Ahal ýaýlagynda geçirilen Nowruz baýramçylygyna gatnaşmaga gitdik we ol ýerde bäş gün bolduk.

Orhan Akjan (çepde) we Azaltyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhan

Orhan Akjan (çepde) we Azaltyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhan


Men Türkmenistana ilkinji gezek gitdim. Türkiýede aýdylýan "Bir millet, iki döwlet" diýlen sözüň hakykada doly gabat gelýändigini men Türkmenistanda öz gözüm bilen gördüm.

Meniň pikirime görä, her bir türkiýeli Türkmenistan bilen Türkiýäniň halklarynyň doganlygy baradaky subutnamalary ol ýere gidip, öz gözi bilen görmeli.

Gatnaşyklar ýygjamlaşan halatyntynda, Türkmenistandaky türkmenler bilen Türkiýedäkileriň ysnyşyp, jebisleşmekligi hem çaltlaşar. Türkmenistana ilkinji gezek aýak basan mahalymyz halkyň milli eginbaşlaryny, myhmansöýerligini hem sungatyny görüp gaty haýran galdyk, hat-da gözümize ynanyp bilmedik şeýle gadymy milli eginbaşlaryň häzirem ulanylýandygy görüp we türkiýeli Ýörük Türkmenleri bolup muňa diýseň buýsandyk.

Aşgabadyň aeropordyna baryp düşen mahalymyz "Dilde kynçylyk bolarmyka, Türkmenistandaky türkmenler bilen düşünşip bilermikäk?" diýip bir az gaýgy etdik dogrusyny aýtsak. Ýöne dil babatda kynçylyk bolmady.

Türkmenistanda ýaşulular edil Türkiýäniň Türkmen obalaryndaky ýaly gepleşýän ekenler. Türkmenistanda ýaşlar ýagny täze nesil bolsa telegepleşikleriň täsiri bilen eýýäm gowy türkçe gepleýärler.

Ahal ýaýlagyndan gaýdyp gelip, Türkiýede Mugla welaýatyndaky öz ýaýlagymyza göçdük we ynha häzir güýzüň ortasynda yzymyza gaýdyp geldik. Türkmenistan sungat saparymyzyň täsirleri bizde ýaýlagda geçiren bütün tomus aýlarymyz boýunça jadyly ýagdaýda dowam etdi.

Orhan Akjan we beýleki Ýörük Türkmenleri

Orhan Akjan we beýleki Ýörük Türkmenleri


Türkiýeli türkmenleriň adyndan giden toparymyzy Aşgabatda gaty gowy garşy aldylar. Türkiýeli türkmenler bolup Aşgabada baran mahalymyz dünýä türkmenleri bolup gyssagly bir Türkmen bileleşiginiň döredilmeginiň zerurdygyna göz ýetirdik.

Dörediljek şeýle Dünýä Türkmenleri bileleşi arkaly birek-biregi goldap durmagymyz gerek. Dünýä Türkmenleriniň bileleşigi arkaly esasanam ýaş nesillere eýe çykylmaly.
Biz gujagy dolduryp salam äkitdik, olar bolsa uçary dolduryp salam iberdiler. Azatlyk Radiosy arkaly şu pursatdan peýdalanyp, bize Aşgabatda myhmandarlyk eden owal başda Mähri gyzymyza, Rejep gardaşymyza we beýlekilere ýene-de bir gezek minnetdarlygymyzy bildirip, köp salam iberýäris.

***

Kerimogly: "Türkmenistanyň halky edil öz adamlarymyz ýaly"

Türkiýedäki çarwa türkmen durmuşy bilen baglanşykly ýörite muzeý döreden Fethiýedäki folklorçy Kerimogly Ysmaýyl Uzynogly, Aşgabadyň golaýyndaky Ahal ýaýlagynda geçirilen Nowruz baýramçylygyna gatnaşyp gelenden soň düýbünden başgaça duýgulary başdan geçirýändigini aýdýar.

Kerimogly Ysmaýyl Uzynogly (sagda)

Kerimogly Ysmaýyl Uzynogly (sagda)


Azatlyk Radiosy: Türkmenistana bolan sungat saparyňyzyň sizde galdyran täsirlerini Dünýä Türkmenlerine gürrüň berseňiz?

Kerimogly Ysmaýyl Uzynogly: Türkiýeli türkmenleriň adyndan Türkmenistana Ahal ýaýlagyna gitmeli diýlen habary alanymdan soň birnäçe günläp begenjimden tolgunyp uklap bilmedim.

Men Fethiýäniň Çalyş diýen ýerinde Ýörük çadyrlarym we muzeýim bar. Men öz milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy tanatmaklyk işini alyp barýan biri hökmünde Türkmenistan saparynda jadylandym diýen ýaly boldum.

Türkmenistana baran mahalymyz hakykatdanam milli ruhumyz özüne geldi. Muňa diýseň buýsandyk hem begendik. Türkmenistandaky özgerişler we halkyň güler ýüzlüligi mende aýratyn täsir galdyrdy.

Bäş günüň dowamynda ol ýerdäki türkmenler bilen edil öz obamyzyň adamlary ýaly gaty ysnyşdyk. Türkmenistan saparymyz dünýäniň dürli ýurtlaryndan ol ýere gelen türkmenler bilen hem içgin tanyşmaga mümkünçilik döretdi. Owganystan, Pakistan, Eýran we Özbegistan ýaly ýurtlardan gelen özümiz ýaly türkmenler bilen hem tanyşyp, ysnyşdyk we aragatnaşyk gurduk.

Men hem Aşgabadyň golaýyndaky şol Ahal ýaýlagynda Nowruz baýramçylygyna gatnaşmaga dünýäniň dürli ýerinden gelen türkmenleriň bileleşip döreden täsirinden buýsançly ylman aldym we milli ruhum ganatlandy.

Men hem Türkmenistan saparynyň milli täsirini henizem ýadymdan çykaryp bilemok. Türkiýedekäm Türkmenistandan gowy dutar getirdip bilmedim. Haçan-da Ahal ýaýlagyna Nowruz baýramy çärelerine gatnaşmaga gidenimizde Aşgabatdan özüme gowy bir dutar hem ýadygärlik alyp gaýtdym.

Şondan bäri türkmen ruhum hem ýüregim ýöne Türkmenistana ýene gitsem diýip tolgunyp, ganat baglap, dyzap dur. Men öz gezegimde dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleri şeýdip ata-watan Türkmenistanda bir ýerde duşuşdyrýan, tanyşdyrýan we olaryň milli ruhuny arşa göterýän çäreleri gurnaýan ýolbaşçylara minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

***

Muhtar: “Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy kömek etmedi”

Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna owal çagyrylyp, häzir bolsa çagyrylmaýandygyny aýdýan siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýetiniň” başlygy Muhtar Muhammet, guramanyň alyp barýan işlerine we siriýa türkmenleri bilen bolan gatnaşyklaryna Azatlyk Radiosynyň geçiren gürrüňdeşliginde şeýle baha berdi:

Muhtar Muhammet Türkmenistanda

Muhtar Muhammet Türkmenistanda


Azatlyk Radiosy: Muhtar Muhammet, Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna hem çärelerine owal çagyrylýandygyňyzy we häzir bolsa çagyrylmaýandygyňyzy aýdýarsyňyz. Munuň sebäbi näme we Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işlerine siriýa türkmenleriniň bir wekili höküminde nähili baha berýärsiňiz?

Muhtar Muhammet: Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde geçirilýän ýygnaklaryna owal birnäçe gezek gatnaşdym. Şol ýygnaklarda dünýä türkmenleriniň meselelerine çynlakaý garalmaýandygyna üns çekjek bolsam diňleýänem bolmady.

Muhtar Muhammet. Aşgabat

Muhtar Muhammet. Aşgabat

Soň siriýa türkmenleri üçin ençeme gezek kömek sorap beren ýüzlenmelerim hem jogapsyz galdy. Ynha şeýle bolany üçinmi näme Dünýä Türkmenleri ynsanperwer guramasy meni siriýa türkmenleriniň bir wekili hökminde Türkmenistana ýygnaklara çagyrmagy goýdy.

Aslynda soňky wagtlarda Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklaryna gatnaşmaga mende isleg bilen höwes hem galmandy. Sebäbi guramanyň şol ýygnaklaryndan şu wagda çenli dünýä türkmenlerine o diýen bir peýda-da bolmady.

Ýöne ýene ruhdan düşmän, iň azyndan siriýa türkmenlerine öz peýdamyz deger ýaly we nähili ynsanperwerlik işi edip bolýandygyny görkezmeklik üçin ýörüte siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” diýen jemgyýet döretdim.

Siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşiginiň ýygnaklaryna gatnaşmaklyk we Aşgabada aýlanyp gaýtmaklyk üçin gurulmady. Häzirki döwürde siriýa türkmenleriniň “Watan jemgyýeti” içerki uruşdan zyýan çekenlere daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden kömek ýygnamaklyk bilen meşgullanýar.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler kömege mätäçkä kömek edilmejek bolsa haçan edilmelikä? Meniň pikirime görä Türkmenistanyň Dünýä Türkmenleri birleşiginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere ynsanperwerlik kömeklerini bermäge hiç hili halkara kanun päsgelçiligi ýa-da bir gysyş ýok.

Ýöne näme üçindir şu wagda çenli Türkmenistandaky Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň adyna hem maksadyna laýyk iş alyp baryp bilmeýändigine biz siriýa türkmenleri üçin düşünmek gaty kyn.

Türkmenistan hökümeti Dünýä Türkmenleri ynsanperwerlik birleşigi arkaly galyberse-de diňe bir ynsanperwerlik işleri däl, eýsem dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere öz ene dilini we däp-dessurlaryny öwretmeklik, olaryň ata-watany bilen ysnyşmaklygy we jebisleşmegi ýaly tagallalary hem alyp barmaly.

Biz edil şu günki kyn günde ata-watanymyz Türkmenistanyň siriýa türkmenlerine Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birleşigi arkaly eýe çykmagyny we goldaw bermegini isleýäris.
XS
SM
MD
LG