Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Üç adam öldürildi


Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda resmiler tarapyndan söweşiji diýlip häsiýetlendirilýän üç adam öldürildi.

Russiýanyň Terrora garşy göreşýän milli komitetiniň berýän maglumatyna görä, bikanun ýaragly toparyň agzalary diýlip güman edilýänler ýörite operasiýalaryň çäginde duşenbe güni öldürilipdirler. Bu operasiýalar Dagystanyň Lak etrabyndaky Kuma we Kundy obalarynda amala aşyrylypdyr.

Soňky ýyllarda Demirgazyk Kawkaz Russiýanyň iň dartgynly regionyna öwrüldi. Resmilere, kazylara we howpsuzlyk güýçlerine amala aşyrylýan hüjümler köplenç guramaçylykly jenaýatlar ýa-da yslamçy söweşijiler bilen baglanyşdyrylýar.

1990-njy ýyllaryň ortalaryna we 2000-nji ýyllaryň başlaryna Çeçenistanda bolan separatist uruşdan soň, yslamçy söweşijiler Dagystan, Inguşystan we Kabardino-Balkariýa ýaly beýleki Demirgazyk Kawkaz ýurtlaryna hem ýaýradylar.
XS
SM
MD
LG