Sepleriň elýeterliligi

Muşarraf girew esasynda goýberildi


Pakistanyň sudy ozal radikal bir metjide amala aşyrylan pajygaly reýd bilen baglanyşykly ýurduň öňki harby dolandyryjysy Pewez Muşarrafy girew esasynda goýberdi. Yslamabat etrap sudunyň duşenbe güni çykaran kararyna görä, Muşarraf takmynan 2 müň amerikan dollary möçberinde pul girewini tölemeli bolar.

Muşarrafyň ady heniz hem ýurduň Içeri işler ministrliginiň “Ýurtdan çykmaly däl” edilenleriň sanawyndadyr. Bu onuň heniz hem hökümetiň razylygy bolmazdan daşary ýurda çykyp bilmeýändigini aňladýar.

Muşarraf 2007-nji ýylda Gyzyl metjidiň tarapdarlary we howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, öz goşunyna agzalýan metjide hüjüm etmäge görkezme bermekde we 100-den gowrak adamyň heläk bolmagyna ilteşikli bolmakda aýyplanypdy.
XS
SM
MD
LG