Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Morsiniň sudy soňa goýuldy


Mohammad Morsi suduň zalynda. 4-nji noýabr, 2013 ý. Kair, Müsür.

Mohammad Morsi suduň zalynda. 4-nji noýabr, 2013 ý. Kair, Müsür.

Müsüriň häkimiýetden çetleşdirilen yslamçy prezidenti Mohammad Morsiniň sud diňlenişigi başlanansoň, ol yza – 8-nji ýanwara süýşürildi. Muňa suduň zalynda Morsiniň we onuň “Musulman doganlary” hereketiniň beýleki 14 agzasynyň turzan goh-galmagaly sebäp boldy.

Duşenbe güni Kairiň polisiýa akademiýasynyň binasynda geçirilen sud diňlenişiginde güman edilýänler “Ýok bolsun harby häkimiýet!” diýip gygyranlaryndan soň, sud diňlenişigi togtatmaly boldy.

Morsi

Suduň zalynda Morsi: “Men kanuny prezident. Men bu bolgusyzlygyň bes edilmegini talap edýärin” diýdi.

Morsi özüniň sud edilmegini “bikanun” diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol jogapkärçilige özüni 3-nji iýulda häkimiýetden aýran harbylaryň çekilmelidigini öňe sürdi. Şeýle-de Morsi öz adaty egin-eşiklerini çykaryp, tussag lybasyny geýmekden ýüz öwürdi.

Sud diňlenişigi ýanwaryň başyna geçirilenden soň, Morsiniň aklawçylarynyň biri Muhammad Toson şeýle çykyş etdi: “Muhammad Morsiniň we [ozalky prezident] Hosni Mubaregiň diňlenişiklerindäki tapawut şu: Mubarek protestleriň netijesinde özi häkimiýetden çetleşipdi; Mohammad Morsi bolsa häzirem kanuny prezident. Bu kanunçylyga görä-de, Konstitusiýa görä-de, şeýledir. Munuň daşyndaky hiç bir zat ýa kanuny ýa-da konstitusion diýlip atlandyrylyp bilinmez”.

Diňlenişikden soň Morsiniň dikuçarly Müsüriň Aleksandriýa şäherindäki berk goragly türmä äkidilendigi aýdylýar.

Tolgunşyk

Sud diňlenişiginiň geçen binasynyň daşynda Morsiniň tarapdarly-da protest geçirdiler.

Morsini äkitdi diýilýän dikuçar howa galanda, demonstrantlar şol ýerdäki žurnalistleriň gurallaryny döwüp başladylar. Käbir maglumatlara görä, adamlary tertibe çagyryp, polisiýa duýduryş hökmünde ýokaryk ok atypdyr.

Morsiniň Kairdäki ýörişe gatnaşan tarapdarlarynyň biri şeýle diýýär: “Elbetbe, bu bir masgaraçylykly diňlenişik boldy. Olar adamlary aldawa salyp, muny hakyky diňlenişik edip görkezjek boldular. Biz ähli zat aýan bolar ýaly, jemgyýetçilik sudunyň bolmagyny isleýäris. Eger-de [Müsüriň harby güýçleriniň komandiri general Abdul Fattah] al-Sisi we onuň töweregindäkiler är kişi bolsalar, goý, onda olar jemgyýetçilik suduny geçirsinler. Goý, biz hem nämäniň dogrudyny, nämäniň bolsa ýalandygyny göreli”.

Morsi we “Musulman doganlary” hereketiniň beýleki 14 agzasy 2012-nji ýylyň dekabrynda adam pidalaryna getiren gazaplylygy öjükdirmekde aýyplanýarlar. Eger-de gürrüňi gidýän adamlar günäli tapylsa, olar ölüm jezasyna ýa-da ömürlik türme tussaglygyna höküm edilip bilnerler.

Morsi 2012-nji ýylda geçirilen demokratiki saýlawlaryň netijesinde prezident bolupdy.
XS
SM
MD
LG