Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Howpsuzlyk güýçleri ilkinji synagdan geçdiler


Owganystanyň polisiýa wekilleri, Jalalabat, 3-nji noýabr, 2013.
Owganystanyň polisiýa wekilleri, Jalalabat, 3-nji noýabr, 2013.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri “Talybana” garşy şu ýylky söweş möwsümini özbaşdak amala aşyrdylar. Bu owgan goşunynyň ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmegiň jogapkärçiligini doly öz üstüne alanyndan soňky ilkinji synagy boldy. Emma Owganystanyň milli goşuny hem polisiýasy köp ýitgi çekýärkä, olaryň ýurduň howpsuzlygyny kadaly üpjün etmek ukybyna bildirilýän şübheler güýçlenýär.

Şu ýylyň söweş möwsümi Owganystanyň ýaňy aýaga galyp başlan we ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmegiň jogapkärçiligini ilkinji gezek doly öz üstüne alan milli goşuny we polisiýasy üçin aýgytly synag boldy.

Emma netijeler çylşyrymly boldy. Owgan harbylary “Talyban” söweşijilerine gaýtargy bermegi başaran hem bolsalar, öz esgerlerini gorap bilmediler we köp ýitgi çekdiler.

Owgan hökümetiniň şu aýda mälim eden sanlary 2014-nji ýylda halkara goşunlary ýurdy terk edensoň, Owganystanyň milli goşunynyň howpsuzlygy özbaşdak üpjün etmäge ukyply boljagyna bildirilýän şübheleri azaltmady.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň 29-njy oktýabrda ýaýradan maglumatyna görä, şu ýylyň aprel we oktýabr aýlarynyň arasynda owgan harbylaryndan we polisiýa işgärlerinden 2052 adam wepat bolupdyr we 5000-den gowrak adam ýaralanypdyr. 2012-nji ýylyň sanlaryna göra, geçen ýylda adam ýitgileri 1 800 töweregi bolupdy.

"Talybanyň hüjümleri"

Agzalan wagt aralygynda “Talyban” 6604 sany hüjümi amala aşyrypdyr, öz janyndan geçen hüjümçileriň gatnaşmagynda 50 sany hüjüm edilipdir. Polisiýa 1704 gezek hüjüme sezewar bolupdyr. Bu hüjümleriň köpüsi oba ýerlerinde, ýagny “Talybanyň” täsiriniň has uly bolan regionlarynda amala aşyrylypdyr.

NATO-nyň Owaganystandaky Gury ýer goşunlarynyň ýolbaşçysy ABŞ-nyň generaly Mark Milleýiň sentýabr aýynda mälim eden sanlaryna görä, her aýda wepat bolan owgan esgerleriniň sany 50 bilen 100 adam aralygynda bolupdyr. Bu sanlar ABŞ-nyň Wýetnamda alyp baran urşunyň dowamynda çeken ýitgilerine deňeçerdir.

Owgan resmileriniň özlerini tanatmazlyk şerti bilen aýtmaklaryna görä, owgan goşunynda adam ýitgileriniň möçberi çürt-kesik artypdyr we soňky ýyl 2001-nji ýyldan bäri iň gandöküşikli ýyla öwrülipdir.

Owganystanyň goşunynyň we polisiýasynyň ukyby gitdigiçe has köp soraglary döredýär. Goşundan gaçmak, ahlaksyzlyk, üpjünçiligiň we türgenleşigiň gowşaklygy ýaly problemalar owgan güýçlerine erbet täsir ýetirýär.

NATO-nyň Owganystan boýunça geňeşçisi Dawid Ýangyň pikirine görä, owgan goşunynda harbylaryň san taýdan azalmagyna garanda, olaryň ahlak taýdan gowşamagy has uly problema döredýär.

Özgeriş

Şol bir wagtda-da, owgan goşuny ýitgi çeken hem bolsa,“Talyplara” gaýtargy bermegi başardy.

“Talyban” ýokary wezipeli owgan resmilerini öldürmek we owgan goşunynyň erk-ygtyýaryny elinden almak ýaly öz öňünde goýan esasy maksatlaryna doly ýetip bilmedi.

Waşingtonda ýerleşýän Milli bähbitler merkeziniň müdiri Raýan Ewans Owganystanyň howpsuzlygy bilen bagly häzirki kynçylyklaryň diňe bir milli goşunyň ukypsyzlygy bilen bagly bolman, daşary ýurtly harby ýardamyň azalmagynyň hem netijesi bolup durýandygyny belledi.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň 2015-ýyla çenli san taýdan çäklendirilip, 352 müň adamdan 250 müň adama getirilmegine we maliýe kömegiň 7 milliondan 4 milliona çenli azaldylmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG