Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Bir ofiser öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda öten agşam ýüze çykan ot atyşlykda bir polisiýa ofiseri öldürildi, başga biri hem ýaralandy.

Dagystanyň polisiýasynyň sişenbe güni beren maglumatyna görä, haçanda howpsuzlyk güýçleri Şaitli obasynda ýaragly bir toparyň daşyny gabanda atyşyk ýüze çykypdyr. Polisiýa söweşijidigi öýdülýän adamlary ele salmak boýunça ýörite operasiýanyň dowam edýändigini habar berýär.

Duşenbe güni Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada näbelli hüjümçiler bir sudýany atyp öldürdiler.

Şeýle-de duşenbe güni polisiýa Dagystanyň Lak welaýatynda söweşijidigi öýdülýän üç adamy öldürdi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG