Sepleriň elýeterliligi

Bangladeş: 150 esger ölüme höküm edildi


Bangladeşiň ýörite sudy 2009-njy ýylda bolan gozgalaň bilen ilteşikli azyndan 150 esgeri ölüm jezasyna, başga-da ýüzlerçesini türme tussaglygyna höküm etdi.

2009-njy ýyldaky pitne bilen baglylykda 823 esgere höküm çykaryldy. Gürrüňi gidýän wakalarda 74 adam, şol sanda 57 sany ýokary derejeli ofiser çapylyp, gynalyp we diriligine otlanyp öldürilipdi.

Esgerlere adam öldürmek, gynamak, dil düwüşmek ýaly aýyplamalar bildirildi.

Geçirilen resmi derňewiň netijesinde pitnä esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça eden haýyşlarynyň netijesiz bolandygy üçin dörän gaharyň sebäp bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG