Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kasparow Latwiýanyň raýaty bolmak isleýär


Russiýanyň oppozisiýa wekili we küşt boýunça dünýäniň ozalky çempiony Garri Kasparow Latwiýanyň raýaty bolmak ugrunda tagalla edýär.

Berilýän maglumata görä, Kasparow raýatlygyň berilmegini sorap, Latwiýanyň parlamentiniň ähli fraksiýalaryna hat ýollapdyr. Ol hatynda Latwiýanyň raýatlygy bilen Russiýadaky we islendik beýleki ýerlerdäki syýasy işlere “hiç hili bökdençsiz” gatnaşyp biljekdigini ýazýar.

Emma Kasparow rus raýatlygyny hem saklap galmakçydygyny belleýär.

Kasparow 1963-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda dogulypdy. Onuň käbir garyndaşlary hem häzir Latwiýada ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG