Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-ýorklylar täze häkimi saýlaýar


ABŞ-da millionlarça nýu-ýorklylar şäheriň täze, 109-njy häkimini saýlamak üçin ses berýärler.

Çaklamalara görä, şäheriň häzirki häkimi milliarder Maýkl Blumbergiň ornuny demokrat Bill de Blasio eýelär. Eger-de de Blasio saýlawlarda ýeňiş gazansa, ol 1989-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň iň uly şäherine Demokrat partiýasyndan saýlanan ilkinji häkim bolar.

Wezipe möhleti tamamlanyp barýan Blumberg Nýu-Ýork şäheriniň iň özgerdiji häkimi bolandygy aýdylýar. Onuň döwründe şäherde jenaýatçylygyň derejesi dowamly pese gaçdy. Şeýle-de Blumbergiň alyp baran sosial-saglyk, şol sanda restoranlarda we barlarda çilim çekmek gadagançylygy bilen bagly programmalary ABŞ-nyň beýleki şäherlerinde hem ornaşdyrylypdy.
XS
SM
MD
LG