Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suzdalsew: Lukaşenko pul gözläp Aşgabada bardy


Belarusyň prezidenti A.Lukaşenko (s) we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç)
Belarusyň prezidenti A.Lukaşenko (s) we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç)
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana sapar edýär. Türkmen metbugatyna görä, Aşgabat Belarusyň prezidentiniň bu saparynyň türkmen-belarus gatnaşyklaryny täze derejä götermegine bil baglaýar.

Azatlyk Radiosy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň şu günki aýratynlyklary barada regional bilermen, Moskwadaky Ýokary ykdysady mekdebiň daşary gatnaşyklar fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdalsew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Andreý Iwanowiç, siziň pikiriňizçe, Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana edýän häzirki sapary näme bilen bagly?

Andreý Suzdalsew: Meniň pikrimçe, bu ýerde iki sany maksat bar. Birinjiden, Lukaşenko häzir pula mätäç, oňa pul gerek. Ikinji maksat, Belarusyň Türkmenistanda kaliý känlerini özleşdirmek boýunça öňden bäri baglaşan şertnamalary bilen bagly.

Häzirki wagtda Belarusyň kaliý öndüriji “Belaruskaliý” kompaniýasy agyr döwri başdan geçirýär. Ýakynda Orsýetiň “Uralkaliý” kompaniýasynyň “Belaruskaliý” bilen arasyny üzmegi Belarusyň ykdysadyýetine uly zarba boldy.

“Belaruskaliý” häzir öz kuwwatynyň diňe 50%-inde işleýär, kaliý önümleriniň bahasy hem pese gaçýar. Şeýle ýagdaýda Belarus Türkmenistanda gurulýan kaliý öndüriji desgalaryň önümçilik kuwwatyna belli bir derejede gözegçilik etmek isleýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky we Belarusdaky kaliý dökünleriniň önümçiliginiň arasynda nähili baglanyşyk bar?

Andreý Suzdalsew: Belarus Türkmenistanda öndürilýän kaliý dökünleriniň umumy kaliý bazaryna täsir ýetirip, bahalaryň peselmegine getirmeginden howatyrlanýar. Sebäbi bahalaryň peselmegi “Belaruskaliý” üçin howply ýagdaý döredýär.

Kompaniýa soňky wagtda uly zyýan çekdi, üstesine, “Belaruskaliýiň” önümçiligine Orsýetiň “Uralkaliý” kompaniýasynyň önümçiligi bilen deňeşdirilende, iki esse köp çykdajy edilýär. Şeýlelikde Belarus kaliý önümleriniň söwdasynda özüne ýaran gözleýär. Häzirki ýagdaýda Belarus Türkmenistanyň hem, Orsýetiň edişi ýaly, kaliý dökünleriniň söwdasynda bahalary peseldip başlamagyndan gorkýar.

Şeýle bolan ýagdaýynda häzir bankrotlygyň bosagasynda duran “Belaruskaliý” bankrot bolar. Lukaşenkonyň häzir Aşgabatdan bar bolan we, belki, täze baglaşyljak şertnamalaryň esasynda pul tölegleriniň edilmegini ýa-da karz pul berilmegini soramagy ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Kaliý önümçiliginiň Belarusyň ykdysadyýetindäki möçberi näçeräk?

Andreý Suzdalsew: Kaliý dökünleriniň söwdasy Belarus döwletiniň girdejileriniň üçden bir bölegini emele getirýär. Bu bolsa örän köp zat.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň we Belarusyň aragatnaşyklarynda taraplar üçin iň ähmiýetli ugur näme diýip pikir edýärsiňiz?

Andreý Suzdalsew: Türkmenistany postsowet döwletleri bilen Orsýetden sowa, özbaşdak durnukly gatnaşyklary ýola goýmak [mümkinçiligi] örän gyzyklandyrýar.

Belarus bolsa köp wagt bäri arzan energiýa serişdelerini gözläp gelýär. Üstesine, Belarusyň senagat harytlary we gurluşyk hyzmatlary üçin Türkmenistan uly bazar bolup durýar. Belarus Türkmenistan bilen gatnaşyklar arkaly pul gazanýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz?

Andreý Suzdalsew: Ýurtlaryň arasynda ynamly gatnaşyklar bar diýse bolar. Iki ýurduň režimleriniň awtoritarlygy olary diýseň ýakynlaşdyrýar. Ýurtlaryň ikisinde-de häkimiýet başynda saklanmak meselesine çynlakaý garalýar.
XS
SM
MD
LG