Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň howpsuzlyk çäreleri tankyt edilýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
2014-nji ýylda Soçide geçiriljek gyşky olimpiada oýunlarynyň başlamagyna sanlyja aý galdy. Halkara derejesinde geçiriljek bu çäräniň öňisyrasynda prezident Wladimir Putin howpsuzlygy üpjin etmegi maksat edinýän “terrorçylygyň öňüni almak” boýunça käbir kararlara gol çekdi. Ýöne tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, kabul edilen kararlar Iosif Staliniň döwrüni ýada salýar.

Köpçülikleýin "jenaýat" ýa "adalat”

Tankytçylaryň aýtmaklaryna görä Demirgazyk Kawkaz regionyndaky durnuksyz ýagdaýyň hötdesinden gelmek we howsalany basyp ýatyrmak üçin Orsýetde kabul edilen täze kararlar Stalin döwründäki “köpçülikleýin jenaýat” we “köpçülikleýin adalat” prinsiplerini ýada salýar.

Prezident Wladimir Putiniň 3-nji noýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, mundan beýläk terrorçylykly jenaýatlara baş goşan adamlaryň ýakyn garyndaşlary we tanyş-bilişleri hem terrorçynyň eden etmişi sebäpli jogapkärçilige çekilerler.

Ýurtda täzelikde güýje giren kanuna görä, “terror hüjümini amala aşyrmak maksady bilen ýörite sapaklara” gatnaşan adamlar on ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilerler we olaryň dogan-garyndaşdyr dost-ýarlarynyň emläkleri döwlet eýeçiligine geçiriler.

“Jamestown” bileleşiginiň Demirgazyk Kawkaz boýunça analizçisi we Pariždäki Kawkaz barlag merkeziniň başlygy Maýyrbek Waçagaýew täzelikde gol çekilen kararlar barada şeýle diýýär: “Bu düýbünden kabul ederliksiz ýagdaý. 1930-njy ýyllarda Stalin jenaýatçylara temmi bermek üçin “köpçülikleýin jogapkärçilige çekmek” usulyny ýola goýupdy. Soňky kabul edilen kararlar hem şoňa meňzeýär. Ýene bir gezek aýdýaryn, Putin özüni Stalin we Stalin zamanasynyň tarapdary ýaly alyp barýar”.

Täze kabul edilen karar 2014-nji ýylda Orsýetiň Soçi şäherinde geçiriljek gyşky olimpiada oýunlaryna bary-ýogy dört aý galanda, güýje girizildi. Soçi Demirgazyk Kawkazdan birnäçe ýüz kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Howpsuzlyk meselesi

Geçen aý janyndan geçen dagystanly bir zenanyň Wolgogradda awtobusyň içinde detonatorly partlaýjy bilen özüni heläklemeginiň netijesinde 6 adam ölüp, 30 adam ýaralanypdy. Bu wakadan soň ýurtda “eýse, Soçi olimpiada oýunlarynyň golaýlaşmagy bilen terrorçylykly we ýykgynçylykly hüjümler has köpelermi?” diýen gorka meçew beripdi.

Analizçilariň aýtmaklaryna görä, “Wolgograd wakasyndan” öň parlamente getirilen we wakanyň yz ýanyndan güýje girizilen täze kanun Kremliň Demirgazyk Kawkaza garşy görýän çärelerini güýçlendirýändigniň alamaty.

“Reuters” habar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, häkimiýetler agzalýan regionda ýaşaýan konserwatiw musulman aýallarynyň gelejekde [haçan-da bolsa bir wagt] heläkçilikli partlamalary amala aşyrmaga meýillidiklerini ýa-da däldiklerini anyklamak üçin olaryň genlerini barlaýarlar we DNK testlerini geçirýärler.

Kremliň tarapdary hökmünde tanalýan çeçen lideri Ramzan Kadyrow hem jenaýatçynyň dogan-garyndaşlaryny jogapkärçilige çekmek taktikasyny ulanýardy. 3-nji noýabrda Putiniň gol çeken karary hem dolulygyna onuň Kadyrowa öýkünýändigini görkezýär. Waçagaýewiň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän taktika Dagystandyr Inguşystan bilen deňeşdireniňde, Çeçenistany “regionda iň bir parahatçylykly ýurda” öwrüpdi.

Waçagaýew öz sözlerinde “Kreml Çeçenistanda gazanylan bu üstünligi tutuş regiona ýaýmagy maksat edinýär” diýip belledi.

“Wladimir Putin Çeçenistan respublikasynda tejribeden geçirilen bu usuly tutuş Demirgazyk Kawkaza ýaýmaly diýen netijä geldi. Täze kanun, dolulygyna diýen ýaly, Demirgazyk Kawkazdaky ýaragly söweşijilere çäre görmegi maksat edinýär.”

Kanundaky gümürtiklik

Waçagaýew täzelikde güýje girizilen kanunda gümürtiklik bar diýip belledi. Sebäbi, kanunda agzalýan “dogan-garyndaşlary” we “ýakyn tanyş-bilişleri” diýen sözi bahanalap, Çeçenistan ýaly ilatynyň aglaba bölegi musulman bolan ýurtlarda tutuş bir taýpany ýa-da urugy jogapkärçilige çekip bolar.

Analizçilariň bellemeklerine görä, täze kabul edilen bu kanun gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňisyrasynda howpsuzlyk güýçleriniň pitneçilere garşy nähili iş alyp barýandyklaryny görkezýär.

”Agentura.ru” atly websahypanyň esaslandyryjysy Andreý Soldatowyň aýtmagyna görä, güýje giren täze kanun pitneçileriň ýaraglaryny meýletin taşlamaklaryna stimul döredenok. Soldatowyň websahypasy howpsuzlyk güýçleriniň alyp barýan işlerine baha berýär.

“Howpsuzlyk edaralarynyň häzirki döwürde ulanýan täktikalary olaryň ulanan geçen ýylky usullary bilen deňeşdireniňde has üýtgedi. Aýdaly, mysal üçin, geçen ýyl olar ýörite operasiýalar bilen adaty operasiýalary birleşdiripdiler. Howpsuzlyk edaralary ýaraglanyp, tokaýa gaçan adamlaryň ýykgynçylykdan el çekmeklerine stimul döretjek bolýardylar. Häzirki ýagdaýlardan çen tutsaň, Demirgazyk Kawkazda ýerleşýän respublikalaryň hemmesinde diýen ýaly geçen ýylky taktikadan el çekilipdir we häzirki wagtda olar berk we demagogik taktikany ulanýarlar.”

Ýöne Soldatow üýtgäp durýan şertler we ýagdaýlar sebäpli agzalýan çäreleriň Demirgazyk Kawkazy durnuklylaşdyrmakda peýdasynyň degjegine şübhe bilen garaýar.

Ol bu ugurda öz pikirini şeýle beýan edýär: “Meniň pikirimçe, bu haýsy respublika barada gürrüň edýänimize bagly. Bir zady berk bellemeli: Çeçenistanda her kim Kadyrowdan we onuň adamlaryndan gorkýar. Ynha, şeýle ýagdaýda, biziň gürrüňini edýän taktikamyz gysga möhletleýin netijeli bolar. Ýöne, meniň pikirimçe, Dagystanda ýagdaýlar düýbünden başgaça. Ol ýerde howpsuzlyk güýçleri ilatyň ýüregindäki we aňyndaky ynançdan ýeňilýärler. Şonuň üçin hem şeýle çäreler adamlaryň lapyny keç etmekden başga işe ýaramaz”.
XS
SM
MD
LG