Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Märekä çalymdaş nobatlar


Türkmenabat: ZAGS-daky nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Türkmenabat: ZAGS-daky nobatlar

Türkmenabat şäherinde “Detskiý mir”, ýagny “Çagalar dünýäsi” diýseler, adamlar derrew “ZAGS-my?” diýip soraýarlar. Sowet döwründe çagalar üçin oýunjak satylýan dükanlar toplumy häzirki wagtda-da adamlardan hyryn-dykyn, içi uzyn nobatly.

Soýuz döwründen tapawutlylykda häzirki gün adamlar bu ýere çagalara oýunjak almak üçin däl-de, olaryň dogluş, ýaşlaryň nika şahadatnamasy ýaly dokumentleri almaga barýarlar. Nobata duranlaryň arasynda ýaşy bir çene baran ýaşulularam, gartaşan adamlaram, ýetginjeklerem, ýaşlaram, hatda göwreli zenanlaram bar.

Türkmenabat şäher häkimligine degişli bolan, il arasynda ZAGS diýlip atlandyrylýan, ýagny Raýatlyk ýagdaýlarynyň namalar ýazgysy (RÝNÝ) edarasynyň, takmynan 250 müň adamlyk şäherde diňe bir bölümi bar. Onsoň tebigy ýagdaýda nobatlar döreýär.

Nobatlaryň döremeginiň sebäpleri

Bu nobatlaryň emele gelmeginiň sebäpleri barada, dürli garaýyşlar bar. Käbirleri edarada işleýän adamlaryň sany az diýse, beýlekiler bu problemany gündelik durmuşda adamlardan yzygiderli talap edilýän dokumentleriň sanynyň barha artmagy bilen baglanyşdyrýar.

ZAGS ýaly hökümet edarasyndan dokument almak bolsa aňsat iş däl. Umuman aýdylanda, adamlar bu edaradan bir dokument almak üçin iki.üç gezek gatnamaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu hem bir dokument üçin bir adamyň iki-üç gezek nobata durmaly bolýandygyny aňladýar.

Adam köp bolansoň, nobata öňräginden durmak üçin adamlaryň ir daňdandan edaranyň öňünde nobata durup başlaýanlaryna hem duş gelmek bolýar. Diňe nobata duranyň ýeterlik däl, adamlar ilki bilen adyny nobata ýazdyrmak üçin nobata durýarlar, diňe şondan soň nobata durup, garaşmaly bolýarlar.

Gazanç çeşmesi

Talap köp, mümkinçilik az bolansoň, adamlaryň arasynda wagtal-wagtal goh-galmagal hem turýar. Onsoň bu kynçylykdan gazanç etmek üçin peýdalanýanlara-da duş gelse bolýar. Şeýle adamlar kireýine nobata durup berýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan şeýle adamlardan käbirleriniň aýtmagyna görä, olar her nobatdan 5-10 manat aralygynda gazanç edýärler.

Uzyn nobatlara duş gelinýän ýer diňe ZAGS bölüminiň öňi däl, Türkmenabadyň demirýol stansiýasy, gök bazaryň gapdalynda ýerleşýän notarius edarasynyň öňi hem, haçan görseň, toý märekesini ýatladýar. Bu Türkmenabatda işleýän ýeke-täk notarius.

”Fabriçnyý” kiçi etrapçasynyň ýanynda ýerleşýän senagat bankynyň öňi hem mydama köp adamly, kiçi etrapçalarda ýerleşýän Jaý ulanyş edaralarynyň öňündäki nobatlar hem adam sany boýunça senagat bankyndan kem galanok.

Nobatlaryň iň ulusy, belki-de, Türkmenabadyň Migrasiýa gullugynyň öňündäki nobatdyr. Lebabyň ýaşaýjylarynyň uly bir böleginiň daşary ýurtlarda işleýändigi sebäpli, Migrasiýa gullugyna işi düşýänleriň sany az däl. Biometrik pasport düzgüni girizileli bäri, bu san hasam köpeldi.

Garaz, nobatlar Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrüldi. Munuň ýylyň-ýylyna gaýtalanýan ýagdaýdygyna garamazdan, bu problemany çözmek, nobatlaryň azalmagyny gazanmak boýunça edilýän iş asla göze ilmeýär.
XS
SM
MD
LG