Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif ýadro ylalaşygy barada çykyş etdi


Eýranyň ýadro programmasy boýunça ýokary derejeli araçysy, ýurduň daşary işler ministri Jawad Zarif Tähranyň ýadro işleri barada dünýäniň iri döwletleri bilen çarçuwaly ylalaşyga “şu hepde gelinmegi mümkin” diýdi.

Zarif Ženewada dünýäniň alty iri döwleti bilen Eýranyň arasynda geçiriljek nobatdaky gepleşiklerden iki gün öň, sişenbe güni Parižde fransiýaly kärdeşi Laurent Fabius bilen duşuşdy. Gürrüňi edilýän bu alty döwlet başgaça P5+1 diýip hem atlandyrylýar. Onüň düzümine Birleşen Ştatlar, Russiýa, Fransiýa, Britaniýa, Hytaý we Germaniýa girýär.

Zarif “Fransiýa 24” telekanalyna beren maglumatynda ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro ýaraglaryna gözegçilik edýän synçylary bilen geçirilen gepleşikleriň oňaýly bolandygyny mälim etdi.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro ýaraglaryny özleşdirýändigini aýdýarlar, emma Tähran muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG