Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko Aşgabatda çykyş etdi


Belarus Türkmenistan bilen bilelikde pilotsyz uçarlary öndürýän zawody gurmaga başlamagy planlaşdyrýar. Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Minsk proýekti durmuşa geçirmek üçin ýakynda awiasiýa spesialistlerini Türkmenistana ugradar diýdi.

Lukaşenko bu barada sişenbe güni Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygyndan soň, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda belläp geçdi.

Lukaşenko Aşgabadyň “öz territoriýasyna, serhetlerine we neşe gaçakçylygyna gözegçilik etmegi üçin” pilotsyz howa aparatlaryna zerurlyk duýýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Lukaşenko iki ýurduň hem Ylymlar Akademiýasy bilelikdäki 21 proýekti öz içine alýan hyzmatdaşlyk programmasyna gol goýmagy tertipleşdirdi diýdi.

Duşenbe güni Aşgabada baran Lukaşenko sişenbe güni giçlik Minska yzyna dolandy.
XS
SM
MD
LG