Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlar Rahmonyň bähbidine gönükdirilýär


Prezident Emomali Rahmon ses berýär, Duşenbe, 6-njy noýabr, 2013
Prezident Emomali Rahmon ses berýär, Duşenbe, 6-njy noýabr, 2013

6-nji noýabrda Täjigistanda geçýän saýlawlar üçin saýlaw şertleriniň ählisi formal taýdan berjaý edilýän ýaly. Ýurduň häzirki prezidenti Emomali Rahmona bäş dalaşgär bäsdeş bolýar. Emma iş ýüzünde saýlaw kampaniýasynyň gidişi Rahmonyň häkimiýet başynda galmagyna gönükdirilýäne meňzeýär.

6-njy noýabrda Täjigistanda geçýän prezindetlik saýlawlaryna Emomali Rahmon bilen bilelikde dalaşgär hökmünde gatnaşýan bäş kandidat bu saýlawlarda hasaba alynmazdan öň il arasynda onçakly tanalmaýardy.

Üç hepdeläp dowam eden saýlaw kampaniýasynyň dowamynda 40-dan gowrak resmi duşuşyklar geçirilen hem bolsa, täjik ses berijileriniň köpüsi dalaşgärleriň atlaryny we berýän wadalaryny henize çenli-de aýyl-saýyl edip bilenoklar.

Şol bir wagtyň özünde-de Rahmonyň köp sanly ägirt uly suratlary köçelerde, administratiw binalarda we jemgyýetçilik transportynda göze ilýär, beýleki dalaşgärleriň kiçeňräk suratlaryny bolsa uly bolmadyk dükanlarda we bildiriş künjeklerinde görmek mümkin.

Her bir dalaşgäre öz saýlaw programmasyny mälim etmek üçin milli telewideniýde ýarym sagatlyk wagt berildi. Olar 4-nji noýabrda telewideniýede görkezilen çekeleşiklere gatnaşdylar.

Rahmon bolsa soňky hepdeleriň dowamynda ýurduň ähli regionlaryna syýahat etdi we täze mekdepleriň, kärhanalaryň we medeniýet merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Prezidentiň administrasiýasy Rahmonyň dalaşgärler bilen çekeleşiklere we ses berijiler bilen duşuşyklara gatnaşyp bilmejegini, sebäbi onuň örän işlidigini yglan etdi.

Saýlaw çäreleri

Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy tutuş ýurt boýunça dalaşgärleriň ses berijiler bilen onlarça duşuşyklaryny gurnady. Emma bu duşuşyklarda dalaşgärler tankytdan gaçmak we Rahmonyň syýasatyny goldamak bilen çäklendiler.

Duşenbede geçirilen şeýle duşuşyklaryň birinde Kommunistik partiýanyň dalaşgäri Ismoil Talbakow Rahmonyň Täjigistanyň parahatçylygyna we durnuklylygyna uly goşant goşandygyny aýratyn nygtady.

”Sosialist partiýanyň” dalaşgäri Abduhalim Gafforow Rahmonyň soňky 20 ýylyň dowamynda “yzagalak ýurdy ösen ýurda öwrendigini” aýtdy.

Dalaşgärler hatda saýlawçylary özlerine ses bermäge-de çagyrmagy-da unutdylar. Muňa derek olar “iň mynasyp dalaşgäri” goldamaga çagyrdylar.

Üstesine, dalaşgärler Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň tankydyny hem ret etdiler. Bu gurama Täjigistanyň prezidentini saýlamak boýunça geçirilýän taýýarlyklar Rahmonyň bähbidine gönükdirilýar diýip baha berdi.

Garaşsyz baha

ÝHHG-niň gözegçiler missiýasynyň 22-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda döwletiň gözegçiligindäki habar serişdeleri Rahmonyň alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berýärkä, prezidentlige dalaş edýän beýleki bäş kandidat barada hiç ýerde maglumat göze ilmeýär diýip bellenýär.

“Prezidentden başga dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy göze ilmeýär” diýip, ÝHHG-niň Täjigistandaky saýlawlar boýunça gözegçiler missiýasynyň başlygy Paraskiwa Badesku Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

Täjigistanyň prezidenti wezipesine dalaş edýänler özleriniň saýlaw kampaniýalarynyň gidişinden kanagatlanýarlar. Şol bir wagtda-da, ýurduň köp raýatlary Rahmondan başga dalaşgärleri özleriniň tanamaýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG