Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Niderlandlar Russiýany suda berýär


Niderlandlar Russiýada “Greenpeace” guramasynyň 30 aktiwistiniň tussag edilmegi bilen bagly çarşenbe güni Moskwany halkara suduna berýär. Gürrüňi edilýän bu aktiwistler Arktik deňzinde nebitiň burawlanmagyna garşy protest geçiripdiler.

Niderlandlar Germaniýanyň Gamburg şäherinde ýerleşýän deňiz hukuklary boýunça Halkara tribunalda Russiýanyň agzalýan guramanyň aktiwistlerini alyp gitmäge hakynyň ýokdygy barada dawalaşar. Sebäbi Nederlandlar sentýabr aýynda Russiýanyň deňiz harbylary tarapyndan alnyp gidilen aktiwistleriň gämisiniň şol pursat halkara suwlarynda ýüzýändigini aýdýar.

Gollandlar suduň Russiýada tussaglykda saklanylýan aktiwistleriň azatlyga goýberilmegi we “Arctic Sunrise” atly golland gämisiniň yzyna gaýtarylmagy barada karar çykarmagyny isleýärler.

Russiýa bolsa suda Niderlandlaryň gozgan sud işini kabul etmeýändigini we oňa gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Russiýanyň derňew komiteti aktiwistlere başlangyçda ýöňkelen garakçylyk aýyplamasyny geçen aýyň ahyrynda huligançylyk aýyplamasyna düşürdi. Bu waka prezident Wladimir Putiniň aktiwistleriň garakçy däldigini aýtmagynyň yz ýany bolup geçdi.
XS
SM
MD
LG