Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: 7 jeset tapyldy


Owganystanyň günortasyndaky Zabul welaýatynyň paýtagty Kalat şäheriniň çetinde ýedi adamyň jesedi tapyldy.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Zabul welaýatynyň howpsuzlyk ýolbaşçysy Gulam Sahyý Rog Lewana salgylanyp berýän maglumatynda asuda raýat diýip çaklanylýan ýedi adam “Talyban” hereketi tarapyndan öldürildi diýilýär. Maglumata görä, “Talyban” hereketi olaryň hökümet bilen hyzmatdaşlyk edýändiginden şübhelenipdir.

Beýleki maglumatlara görä, jesedi tapylan ýedi adam mundan bir hepde öň Kandagar welaýatyndan Zabul welaýatyndaky öýlerine sapar etmek üçin ýola düşen mahaly ýiten Milli owgan armiýasynyň esgerleridir.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň berýän maglumatyna görä, öldürlenleriň kimdigini anyklamak üçin jesetler ýurduň armiýasyna gowşurylypdyr.
XS
SM
MD
LG