Sepleriň elýeterliligi

Täjikler täze prezidenti saýlaýar


Täjigistandaky prezidentlik saýlawlarynda ýurduň käbir saýlaw merkezlerinde düzgün bozulmalaryň bolandygy aýdylýarka, saýlawlar geçirildi diýilip yglan edildi.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, ýerli wagt bilen sagat 14:00-a çenli ses berijileriň 60%-i saýlawlara gatnaşypdyr. Şeýle-de, ol saýlawlary geçirildi diýip yglan etmek üçin ýurduň ilatynyň 50%-niň ses bermeginiň zerurdygyny sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy birnäçe adamyň ençeme sapar ses berendigini aýdýar. Mysal üçin, Wahdat etrabynda saýlawlara gözegçilik edýän işgärler seredip durka, birnäçe aýal öz maşgala agzalary üçin guta birnäçe saýlaw býulletenini oklapdyr.

Saýlawlar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň we hökümete degişli partiýalaryň gözegçiliginde geçirilýär.
XS
SM
MD
LG