Sepleriň elýeterliligi

Kuçera: "Türkmenistana howp abanmaýar"


Owganystanda daşary ýurtly esger gözegçilik geçirýär

Owganystanda daşary ýurtly esger gözegçilik geçirýär

2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandan Halkara güýçleriň çykarylmagy netijesinde Türkmenistan nähili meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biler? Munuň üstesine-de, ABŞ Owganystandan çekilensoň, Waşingtonyň Merkezi Aziýa, hususan-da, Türkmenistan baradaky syýasaty nähili bolar?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça žurnalist Joşua Kuçera bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Joşua, bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň esgerleri Owganystandan çykarylar. Munuň üstesine-de, Waşington Gyrgyzystandaky "Manas" harby bazasyny hem göçürýär. Netijede ABŞ-nyň Owganystandan çekilmegi bilen, ol Merkezi Aziýa sebitinden hem belli bir derejede daşlaşýana meňzeýär. Bu ýagdaýlarda ABŞ-nyň Merkezi Aziýa, hususan-da, Türkmenistan baradaky syýasaty nähili bolar?

Joşua Kuçera: Merkezi Aziýa sebiti barada, umuman aýdylanda, ABŞ-nyň region bilen mundan beýläkki gyzyklanmasynyň pese gaçjakdygyny çaklamak bolar. Soňky 12 ýylyň dowamynda, ýagny “11-nji sentýabr hüjümlerinden” soň Waşingtonyň Merkezi Aziýa babatyndaky ugry aglaba Owganystan meselesi bilen kesgitlendi.

"Manas" harby bazasynyň göçürilmegi, has giňişleýin alanyňda, ABŞ-nyň Owganystandan çekilmegi netijesinde, Waşingtonyň Merkezi Aziýa bilen bagly gyzyklanmasy pese gaçar diýip çaklaýaryn.

Türkmenistan barada aýdylanda... Garaz, bilýäňiz-ä, türkmen hökümetiniň özboluşly aýratynlygy sebäpli, onuň hiç kim bilen içgin hyzmatdaşlyk edesi hem gelmeýär. Merkezi Aziýanyň beýleki dört döwleti bilen deňeşdirilende, ABŞ-nyň [Owganystan meselesinde] Aşgabat bilen onçakly düýpli hyzmatdaşlygy hem ýokdy. Şu sebäpli-de uly özgerişleriň boljakdygyny aýdyp bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Joşua, ABŞ-nyň Owganystandan çekilmeginden soň, sebitde käbir howpsuzlyk, şol sanda dini ekstremizm meseleleriniň hem ýüze çykmagyndan howatyr edilýär. Siz bu barada näme diýersiňiz? Türkmenistan babatynda hem aýratyn durup geçäýseňiz.

Joşua Kuçera: Ilki bilen-ä, häzirki ýagdaýlaryň 1990-njy ýyllar bilen deňeşdirilende, düýpgöter özgerendigini bellemeli. Şol döwürler, ýagny ABŞ-nyň ýurda [Owganystana] girmezinden owal, Owganystandaky ýagdaýlar häzirkisi bilen deňeşdirilende juda bulaşykdy.

Üstesine-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleri öz ilatyny berk gözegçilige almagy başardylar. Elbetde, bu meseläniň iki: oňaýly we oňaýsyz taraplary bar. Bir tarapdan-a, hawa, adamlaryň erkinligi, özygtyýarlylygy çäklendirilýär. Emma beýleki tarapdan, bu ýurtlarda [indi] dini ekstremizmiň alamatlary ýok.

Onsoň men Merkezi Aziýa sebitinde, esasan hem Türkmenistanda, dini ekstremizmiň möwç aljakdygyna ynanmaýaryn. Men Türkmenistanyň ýagdaýyny, edil siz ýaly bilmesem-de, çakymça, hökümet ýurtda islendik bir oppozisiýa toparyny döretmek baradaky pikirleri hem basyp ýatyrýar. Jemläp aýtsam, Türkmenistanda haýsydyr bir dini ekstremistik topar hereket edip biler öýdemok.

Azatlyk Radiosy: 2014-nji ýyldan soň resmi Aşgabat howpsuzlyk we syýasy ugur boýunça haýsy ýoly saýlap alsa, özüne has amatly bolar?

Joşua Kuçera: Howpsuzlyk barada aýdylanda, bu Türkmensitanyň iň soňky derejede aladalanmaly meselesi. Sebäbi, meniň pikirimçe, oňa hiç hili howp abanmaýar. Ýurtda howpsuzlyk güýçleriniň şeýle bir berk kontrollygy bar welin, men bu ugurda nähilidir bir mesele çykar öýdemok.

Başga bir tarapdan, syýasy arena gyzykly bolup biler. Belki-de, ABŞ-nyň Owganystandan çekilmegi bilen, Waşington Türkmenistana syýasy reformalary geçirmek babatynda has köp basyş edip biler. Emma her neneňsi bolsa-da, Waşingtonyň türkmen hökümetiniň saýlap alan ugruny tutanýerlilik bilen üýtgedip biljekdigine şübheli garaýaryn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG