Sepleriň elýeterliligi

Rahmon saýlawda ýeňiş gazandy


Çarşenbe güni Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident Emomali Rahmonyň täzeden ýedi ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanandygyny yglan etdi.

Komissiýa, ähli býulletenler sanalandan soň, 61 ýaşyndaky Rahmonyň sesleriň 83,6%-ni alandygyny habar berdi. Rahmon 1992-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýar.

Rahmonyň oppozisiýanyň wekili bolan ýeke-täk çynlakaý bäsdeşi saýlawlara goýberilmänsoň, ol onçakly tanalmaýan bäş dalaşgär bilen bäsleşdi.

Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlara ýurduň ilatynyň 86,6%-i gatnaşypdyr.

Saýlawlara gözegçilik eden Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň delegasiýasy geçirilen saýlawlar baradaky beýanatyny penşenbe güni yglan eder.
XS
SM
MD
LG