Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf tussaglykdan boşadyldy


Pakistan ýurduň öňki prezidenti Perwez Muşarrafy öý tussaglygyndan azat etdi. Maglumatlara görä, türme resmileri Muşarrafyň Yslamabadyň çetindäki öýünden çarşenbe güni çykypdyrlar.

Ol dört ýyldan gowrak wagt daşary ýurtda bolup, aprel aýynda Pakistana dolanany bäri öý tussaglygynda saklanylýardy.

Muşarrafyň aklawçysy müşderisiniň garşysyna dowam edýän sud işi sebäpli onuň heniz hem ýurtdan çykyp bilmeýändigini aýtdy. Ýöne ol müşderisiniň Dubaýdaky ýarawsyz ejesini görüp gelmäge rugsat berilmegini sorap haýyş bilen ýüzlenjekdigini belledi.

Duşenbe güni Pakistanyň sudy 2007-nji ýylda radikal bir metjide amala aşyrylan pajygaly reýd bilen baglanyşykly Muşarrafy girew esasynda goýbermeli edipdi.
XS
SM
MD
LG