Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG täjik saýlawlaryna baha berdi


Penşenbe güni halkara synçylar topary Täjigistanda geçirilen saýlawlarda plýuralizmiň we hakyky saýlamalaryň ýetmezçilik edendigini aýtdy.

Mundan öň penşenbe güni irden Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 61 ýaşly Rahmonyň sesleriň 83,6%-ni alyp, täzeden ýedi ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanandygyny yglan edipdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Täjigistandaky gözegçiler missiýasyna ýolbaşçylyk edýän Jordana Komik “Ähli zat sessiz we parahat bolsa-da, saýlawlar hakyky saýlama bolmazdan geçirildi” diýdi.

Beýanatda döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň Rahmonyň alyp baran işlerine has giň göwrümli üns we ýörite artykmaçlyk berendigi aýdylýar.

Rahmonyň oppozisiýanyň wekili bolan ýeke-täk çynlakaý bäsdeşi saýlawlara goýberilmänsoň, ol onçakly tanalmaýan bäş dalaşgär bilen ýaryşypdy.
XS
SM
MD
LG